Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir. Ýaş nesliň sagdyn, ukyply, düşünjeli bolup ýetişmegi her bir ene-atanyň esasy aladasy bolup durýar. Çaganyň akyl başarnyklaryna, beýnisiniň kadaly ösmegine peýdaly önümleri ýygy-ýygydan ulanmak zerurdyr.
Çaganyň iýmitinde ýod, demir, E, C, B1, B2, B3, B5, B6, B9, B12 ýaly peýdaly witaminler we elementler bolmalydyr. Çagalykda balyk önümlerindäki belok uly mal etlerindäki beloklardan has peýdaly hasaplanýar. Deňiz balyklarynda gymmatly madda - Omega-3 bar. Bu kislotalar beýnide signallaryň hereketini çaltlaşdyrýar. Hususan-da, Omega-3 ýat, üns we kabul ediş ýaly beýniniň esasy funksiýalaryny işjeňleşdirýär. Hünärmenler mekdep okuwçysy üçin iň sagdyn ertirligiň az mukdarda ýag we balyk ikrasy bilen çörekden taýýarlanan gamburg diýip hasaplaýarlar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, süle (awsýanka), hoz, kakao, şokolad, nohut, alma, käşir, kiwi ýaly önümler elmydama çaga menýusynda bolmaly. Adam beýnisi 70% -den gowrak ýagdan durýar we bu organiki birleşme immunitet ulgamyny kadalaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär. Gysgaça aýdanyňda Omega-3 we doýmadyk (gowy) ýaglar çaganyň ösüşi üçin möhümdir. Ýaglaryň kömegi bilen A, D, E we K witaminleri siňdirilýär we netijeli özleşdirilýär.
Çaganyň akyl taýdan kadaly ösmeginde başga-da ençeme peýdaly önümler ulanylýar. Şeýle-de, ösüp barýan çaganyň gündelik durmuşynda hereketli oýunlaryň, logiki meseleleriň, owadan, täsin ýerlere gezelençleriň, deň-duşlary bilen bilelikdäki wagt geçirmeleriň bolmagy hökmandyr. Ýaş nesliň ösüşine ulularyň gatnaşygy, göreldesi, sözleýşi-de uly möçberde täsirini ýetirýär.