stella_🖤
01.06.2024 16:00
Jesetler öýi 2-nji bölüm. (Fantastiki hekaýa)

Bu gyzyl zadyň ýanyna ýakynlaşdym. Ýuwaşlyk bilen elimi degirjek bolamda diwar soýulyp başlady. Diwarda kiçijik deşijik boldy. Deşigiň içi boş ýalakdy. Deşigi gözüm bilen çyklap göremde göz bardy. Gorkup çirkin sesim bilen gygyrdym. Ýere ýykyldym, elim aýagym titräp başlady. Sesime Jeren ýokardan geldi.

Jeren- Näme boldy saňa?

Leýli- Gan bar.

Jeren- hahaha ol gan däl ülje suwyny içjek bolamda döküldi.

Leýli- Ýöne diwarda.......

Jeren-Waý Leýli kän fantastiki kino kän görýäň. Ýör bu gün öý gözlemeli.

Jeren maňa gürlemäne rugsat hem bermedi. Men diňe şol gözi düşünip oturdym. Otagyma gidip gorkup oturdym we bir karara geldim. Jeren agşam Ahmediň ýanyna gitýär menem şonda şotaýda näme bardygyny bilerin. Agşama çenli güýçümi ýygnadym. Ine sagat 23:00 Jeren gitdi. Menem elime pyçak zat alyşdyrdym. Diwaryň ýanyna barsam deşik ýok elim bilen deşik açjak boldym welin bolmady menem uly bir palta alyp döwüp başladym. Diwaryň yzynda bir ýaşajyk gyz bar. Men gatydan çygyrdym. Jeren ylgap geldi. Sebäbi öýde kamera bar şondan görüp gelipdir. Men özüme gelip bilmedim. Gözüm ýumuldy ýere ýykyldym. Soň näme bolanyny bilemok. Gözümi açamda bir otagyň içinde. Otag köne, hiç zat ýok boş diňe stol we holodinlik bar. Aýnada ýok gaçaýyn diýsem. Men nirededigimi bilemok. Gorkup aglap başladym "Jeren nirede sen" diýip gygyryp başladym. Açykdym, holodinligi açyp görsem kelle, el, aýak, adamyň iç organlary bar. Olary görüp gusup başladym. Gapy açyldy, Jeren girdi.

Leýli- Jeren, joram näme bolýa bärde? Men nirede?

Jeren-Sen gören zatlaryňy polisiýa aýtjakmy?

Leýli- Maňa bar bolan zatlary aýtsaň menem aýtjak däl.

Jeren aýdyp başlajakdy welin telefonyna jaň geldi. Ol "häzir garaş gelýän" diýip gitdi. Gapyny açykdy men ylgap çykdym. Jeren meni görüp olam yzymdan ylgap başlady. Ylgap baryşyma stoluň üstünde duran pyçaga gözüm düşdi, pyçagy alyp Jerene tarap uzatdym.

Leýli-Çalt maňa bar zady aýt. Sen näme etýäň. O gyz kim? Holodinligiň içindäkiler kim? Barzady aýt.

Jeren-Bolýa bolýa aýtjak. Köşeş pyçagy goý.

Leýli-Ýok, sen maňa dogry zatlary aýt.

Jeren gözüni gyrpdy. Men nämä gözüni gyrpdy diýip yzyma seretsem Ahmet meň kelläme taýak bilen urdy. Men ýene ýere ýykyldym. Kelläm gaty agyrdy, hakda ganady. Gözümi açsam ýene şol otagdadym. Kellämiň agyrysyna çydamokdym. Zordan ýerimden turup gapa tarap ýöredim, gapyny urjak bolamda gapy maňa tarap açyldy. Onsuzam zordan dik durdym, gapam ýüzüme gatydan degen soň ýene-de ýere ýykyldym. Ýerimden turjak bolamda, Jeren girdi.

Jeren-Bar zada burnyňy sokdyň, hana indi seret zordan dursyň.

Leýli-Men senden gorkamok.

Jeren- Hyh agşam Ahmet gelsin senem dograp goýarys soňam senem iýeris.

Leýli-Siz adam iýýänmi toba.

Jeren- Siz adamlar gaty özüňize gaty akylly öýtýäňiz.

Leýli- Sen adam dälmi?

Jeren-Ýok men adam däl.

Leýli-Hahaha sen näme robatmy onda.

Jeren-Howa.




Dowamy bar.........
40
400
makol
6 Iýun 2024
4di goyay how inni hayys goy goyay
kizi
2 Iýun 2024
Manysyz🤦
stella_🖤
2 Iýun 2024
@1237, Goýdym
1237
2 Iýun 2024
Goyay yzyny
makol
2 Iýun 2024
Hany dört
stella_🖤
2 Iýun 2024
@makol, Goýdym görüp bilersiňiz
makol
2 Iýun 2024
Goyayda
makol
2 Iýun 2024
Hayys šu wagt
makol
2 Iýun 2024
Goyay 4nji bölümi
makol
2 Iýun 2024
Dowamyny goyay okasymgelip gitda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.