Tayler
01.06.2024 11:30
Bu bir durmuş. Munda kän zat bolup dur.
Ýandak gülläp otyr, bägül solup dur.
Saňa akyl berýär iň samsyk adam,
Iň akylly adam akyl alyp dur.

Bir ýoldaşym üçin aýaman wagt,
Gözlerimi satyp äberdim bagt.
Emma gözüm satyp kömek edenim
Ertir bir sag boly bermedi mugt.

Birowaç işiňi etmäge rowaç,
Biri boýun satyp gözlese alaç,
Iş bitirse –bir «sag bola» mätäçdir,
Bitirmese –on bäş «sag bola» mätäç.


(gysgaldyp alnan)


K.Gurbannepesow
27
83
gulia_maksatmyradowna
7 Iýun 2024
@Tayler, Nämäň Awazasy🤦‍♀️keşke Awaza bolsady😭😄
Islam_Atayew
1 Iýun 2024
@Tayler, tomus geldi işler kop diya, aglaba bölegi
Tayler
1 Iýun 2024
Öwrenmeliň aktiw agzalary telini öçürüp Awaza gitdimikâ?
Tayler
1 Iýun 2024
@diamond, gowmy özüň, bamyň?
Tayler
1 Iýun 2024
@diamond, kül etdimm💥😎
diamond
1 Iýun 2024
Uh ty, treeend. Rekordy döwdüň)
jucc
1 Iýun 2024
❤👍
alma___
1 Iýun 2024
Kerim agañ goşgylarynyñ hemmesem gowy welin şu goşgysyny hasam gowy gòrýàn 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.