stella_🖤
31.05.2024 21:45
Ruhuň öýi (hekaýa)

Men öz gününe gezýän bir gyz.Adym Leýli, 20 ýaşymda. Men ýetimler öýünde ulandym ejem kakam men kiçijik wagtym bu dünýäden ötdiler. Özüm işläp özümi ekleýän. Bir gün öýüme golaýlaşamda bar goşlaryn daşarda dur men ylgap barsam öýüň eýesi wagtynda puly tölemänim üçin öýden kowdy öýüň eýesine ýalbardym etmedi. Aglap iň ýakyn jorama jaň etdim.

Leýli- Salam, gowymy Jeren.

Jeren- Howa gowy sen gowymy.

Leýli-Ýok men gowy däl.

Jeren-Näme boldy? Näme üçin gowy däl?

Leýli- Meni kowdy.

Jeren- Wah jorajan geläý meň öýüme saňa elimden gelen kömegi etjek.

Leýli-Sagbol, men çaltjak öý tapynaryn. Söz.

Jeren- Menem saňa kömek ederin.

Jeren menden baý bolany üçin onuň öz öýi bar. Ol goşlary almak üçin kamaz ugratdy. Jereniň öýi uly owadan öýi bar. Iki etaž. Menem arzuw edip içine girdim. Jeren maňa aýratyn otak taýarlapdyr. Otaga geçip göni aglap ýatyp başladym.Men gorkusyz urşagan gyz ýöne şol wagt näme üçin urşmadym diýip düşündim. Gözümi ýumup ýatdym. Sagat 3-de bir zatlaryň sesini eşdip turdum. Tilfonymyň fonarigini ýakyp ýuwaşlyk bilen aşak düşdim. Myhman jaýda gülme sesi eşdildi. Gapyny ýuwaşlyk bilen açdym. Görsem Jeren we onuň söýgülisi men gapyny açamda Jeren diwanyň aşagyna bir zat zyňdy söýgülisi Ahmet mokry bilen haýdap elini süpürip otyr. Men görüp "bagyşlaň" diýip, utanyp çykdym. Ylgap öz otagyma bardym Jeren näme bukdyka diýip düşünip ýatdym. Irden turup howlugyp işe gitdim. Öz ýerime geçjek bolamda işgäriň "başlyk çagyrýa" diýdi. Men başlygyň ýanyna baryp:

Leýli-Salam

Başlyk Myrat- Salam Leýli gel otur.

Leýli- Sagbolyň, mümkin bolsa siz başlamakaňyz men sizden bir zat soraýyn?

Başlyk Myrat- Arkaýyn sora.

Leýli- Meni öýümden kowdylar. Täze öý satyn almaly. Şonuň üçin aýlygy köpeldip bilerismi?

Başlyk ýerinden turup ýanyma geldi.

Başlyk Myrat- Özüňe öý tapmak gerek däl.

Leýli Näme üçin?

Başlyk Myrat- Sebäbi men seni öz aýalym edesim gelýä. Sen maňa durmuşa çyk.

Meniň muňa gaharym geldi. Gaşlarymy çytyp, gygyryp başladym.

Leýli- Siz näme diýdigiňiz bolýa haýyş etýän çyzykdan geçmäň.

Başlyk menden 13 ýaş uly ol hiç, onuň aýaly bar ol aýalam ikinji we bir çagasy bar.

Başlyk Myrat- Haýyş men öz aýalymy halamok. Men seni söýýän. Seni bagtly etjegime söz berýän.

Leýli- Utanyň şu bolşuňyzdan. diýip çykyp. Işden gitmek üçin arza ýazdym. Arzany özüm bermedim işgärime haýyş beräý diýip gitdim. Ýüregim çalt urup başlady. Indi işsiz hem galdym. Jereniň öýüne bardym. Içine girsem diwarlarda gyzyl reňkde eliň yzy durdy.


Dowamy bar......


Awtory: Maýsa Welmenowa.





Haýyş etýän eserim hakynda düşünjeleriňizi ýazaýyň :)
38
386
makol
2 Iýun 2024
Örrrrrrrrrän gyzykly
stella_🖤
1 Iýun 2024
@gonk, Ertir
gonk
1 Iýun 2024
Yzyny haçan goýýaňyz.?
stella_🖤
1 Iýun 2024
@myradow12, salam!
myradow12
1 Iýun 2024
Salam
ayymsha
1 Iýun 2024
Kenno_Tabi
1 Iýun 2024
Umuman alaňda maňa ýarady. Dowamyna garaşýan 😌🙌
Kenno_Tabi
1 Iýun 2024
3. Ideologiýa. Entek eseriň bady bolany üçin bu nämäni öňe sürýär? Nähili ideýany we meseleleri alyp göterýär, nämä hyzmat edýär ýaly soraglary bilemzok. Şol sebäpden baha bermekden saklanýan. 😌🙌
Kenno_Tabi
1 Iýun 2024
2. Sýužet. Örrrrän gyzykly. Dowamy bar diýip gutarmasy okyjyny gyzyklandyrýar. Esere goýlan at we atmosfera triller žanrynyň ysyny berýän. Sýužete 10 baldan 9 bal berýän. Öňki bazuw meselesinden bolsa birinji teswirimde ýazmandym, 8 bal berýän.
Kenno_Tabi
1 Iýun 2024
Hany onda men öz ýaş galamdaşyma öz pikir we maslahatlarymy bersem. 1.. Harp ýalňyşlary. Harp ýaňyşlary o diýen bagyşlannmajak günä ýaly bor zat däl. No onda hem ýazyp bolansoň on gezek okap düzetmeli. Edebi dilde ýazmaly. Tilfon - telefon. Fonarik - yşyklandyryjy. Köçe dillerindäki sözler edebi çeperçiligi peseldýär, ýöne dialogda ulanyp bilersiň! 🙌🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.