Tayler
31.05.2024 12:39
Zähmet zehin berýär, zehin hem –häsiýet,
Häsiýet pähim berýär, pähim hem –hormat.
Şol bäşisi seniň doly ömrüňdir,
Birisi ýetmese –gädikdir kysmat.

Dünýäniň ýüzünde uly zat –ygrar.
Ygraryn ýuwdana doňuzam gargar.
Doňuza gargadyp ýaşap ýörenden,
Ony ýuwdan günüm, ölmäge taýýar.

Beýik Pyragy dek dyzyňa çöküp
Ýazmaklyk hökman däl. Ýaz daga çykyp!
Ýöne Aýa çykaý –şahyr bolmarsyň
Beýik Pyragynyň üstünden böküp.

Ömrüm –hapalyga hüjümdir meniň.
Ömrüm –tämizlige hajymdyr meniň.
Il günäsin aýtmak zerurdyr weli,
Öz günämem aýtmak borjumdyr meniň.

Sadagaň bolaýyn, pähimli duşman!
Eý, owunjak duşman, men senden gorkýan.
Owunjaklar bilen hut özi ýaly
Ownuklaşman
nädip düşünşip borkan?

(gysgaldyp alnan)

K.Gurbannepesow
22
34
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.