lavinya_
31.05.2024 11:40
Tebigatyñ gözelligi diýsene,
Ýer büräpdir bulutlardan ýorganyn.
Selçeñ düşen ýelek ýaly bulutdan,
Şugla saçyp, jyklap göz gypýar günem.
Gözelligi syn et meñ gözüm bilen.
Ýel başyñy sypap geçýär enaýy,
Tüweleýem göge galýar çarpaýa.
Gijesi aýdyñlyk bolanda Asman,
Köle suwa düşüp ýörendir Aýam.

Oba seret! tonna ýükiñ astynda,
Duýman otyr tozan basan çañlaryn.
(Uly bolmak üçin süýrekläp barýar,
Çaga,
Geýip agasynyñ jalbaryn).

Ynha-da,
Güýzem gelipdir jyklap,
Baglaram dakyndy sary öýmesin.
Tylla şelpeleriñ tänip düşişin
Ýerde şybyrdaýşyn,
Nenen duýmasyn.
Kalbym lerzan bolýar,
Lezzetem başga,
Tikenekläp üşendirýär duýgular.
On sekiz müñ älem döreden Nakgaş,
Her şekile siñdiripdir söýgüden.

...Ynsan! deñiñden geçirme hergiz,
Bu pursat berilmeýär gaýtadan...
...Garlawajyn çagalarna syn edip,
Doýup bilmän piçjiñ atýan bagtadam.

Bark urup dur mele topragyñ ysy,
Siñdirip özüne güneşiñ çogun
Säher aýdym aýdýan guşlaryn sesi,
Her kime paýlaýar bagtdan paýyn.

...Gyş geler.
gyşam gelmeli ahyr.
Pamyk ýasap tozgalaryn sepelär,
Asmandan gaýyp ýüzüme düşer,
Soñ erär...
Birje tozganyñ eräp gidişi,
Kalbymy oýaryp müñ setir dörär.
Körär.
Kürede ýanýan kömür deý,
Körär.
Tüsse bolar. Howasyz.
Soñ näme?
Taplansa-ha ne ýagşy,
Bolmasa ysgynsyz bir şygyr dörär...

Awtor: REMEZAN MÄMETGURBANOW
18
27
flowers_
31 May 2024
💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.