suray94
30.05.2024 17:54
Onda Şährizada: «Eger patyşahym rugsat berse, baş üstüne, janym bilen aýdyp berjek-le!» diýip jogap beripdir. Patyşa hem: «Aýdyber!» diýipdir. Ine, onsoň Şährizada hem aýdyp başlaýar: «Hawa onsoň, bagtyýar patyşahym, adalatly hökümdarym, meniň gulagyma gelip ýetişiçe, ol goja şol göläni öldürmekçi bolanda, ýüregi tolgunyp agzyndan çykara gelipdir-de, çopany çagyryp: «Bu göläni äkit-de, mallaryň arasyna goýber» diýipdir. (Bu zatlaryň barysyny ol goja şol jyna gürrüň berýär ekeni, jynam onuň bu geň gürrüňini haýran galyp diňleýär ekeni.) Onsoň keýigiň eýesi gürrüňini dowam edipdir: «Hawa, onsoň jynlaryň şahynşasy, hut şeýle hem boldy, meniň daýymyň gyzy, ynha, şu duran keýik meniň edýänlerimi görüp hem synlap durşuna: «Öldür göläni, ol semiz göle!» diýýärdi. Emma ony öldürmek meniň üçin gaty agyr degýärdi, şonuň üçinem men çopana göläni äkit diýdim, çopanam ony alyp gitdi. Ertesi güni bolsa, men otyrkam, birdenkä çopan ýanyma gelýär-de: «Baýar aga, men saňa hoş habar aýtmaga geldim, sen ony eşitseň begenersiň, ýöne hoş habar getirenim üçin, maňa-da bir söýünjijik bermeli bolarsyňyz» diýýär. Menem oňa: «Bolýar» diýdim. Onsoň çopan aýtdy: «Täjir aga, meniň bir gyzym bar weli, ýaşlygyndan jadygöýligi öwrenipdi, ony ol birwagtlar biziň öýümizde bolan bir garry kempirden öwrenipdi. Ine, onsoň düýn, sen maňa şol göläni äkit diýeniňdensoň, menem ony öýümize alyp bardym weli, gyzym ol göläni gördi-de, birden iki elini ýüzüne tutup aglady, soňundanam jak-jak güldi-de: «Aý, kaka, eger sen beýdip, meniň üstüme ýat erkek kişileri alyp gelýän bolsaň, onda seniň ýanyňda meniň hiç bir gadyr-gymmatymyň ýok boldugy bolýar!» diýdi. Men: «Hany, bu taýda ýat erkek kişi barmy, onsoň-da sen näme üçin bir aglap, bir gülüp otyrsyň?» diýip soradym. Onda gyzym maňa: «Seniň ýanyňda duran göle biziň baýarymyzyň ogly ahyry —diýip jogap berdi. —Ony jadylapdyrlar, özi-de ony enesi bilen birlikde, atasynyň beýleki aýaly jadylady. Ana, men şonuň üçin güldüm. Aglanymyň sebäbi bolsa, munuň atasynyň düýnki sygyr diýip öldüreni şu ýigidiň enesidi, men şony ýatlap agladym». Men gyzymyň bu aýdanlaryna haýranlar galdym, ine-de, günüň dogaryna mähetdel, men bu ahwalaty saňa habar bermäge geldim». Çopanyň aýdan bu habaryny eşidip, ynan, jynlaryň şasy, men begenjimden hem şatlygymdan ýaňa şerapsyz serhoş bolup, çopany ýanyma aldym-da, onuň öýüne bardym weli, onuň gyzy maňa tagzym bilen salam berdi, eglip elimden öpdi, gölejik bolsa meniň ýanyma geldi-de, maňa gysmyljyrap hem oýkanjyrap başlady. Onsoň men: «Seniň bu göle hakynda aýdýan zatlaryň dogrumy?» diýip, çopanyň gyzyndan soradym. O gyz bolsa: «Hawa, baýar aga, bu duran göle seň öz ogluň, öz ýüregiňden önen eziz perzendiň» diýip jogap berdi. Onsoň men: «Eý, näzenin gyz, eger sen muny ynsan halyna öwrüp bilseň, meniň bar-ýok malym, ähli emlägim seniňki bolsuň, seniň ataň bakyp ýören mallary-da, hemmesi siziňki bolsun» diýdim. Onda gyz ýylgyrdy-da: «Eý baýar aga, men pula göz gyzdyrýan däldirin, men bu ýumşy diňe iki şert bilenem berjaý ederin: birinjiden, meni şu oglana äre beriň, ikinjidenem bolsa, bu oglany jadylanyň özüni jadylamaga hem ony bendiwan etmäge maňa ygtyýar beriň, ýogsam ol meniň özümi bendiwan eder» diýdi. Çopanyň gyzynyň aýdan bu sözlerini eşidip, ynan, jynlaryň şasy, menem oňa şeýle diýdim: «Seniň bu aýdýanlaryň üstesine-de, häzir seniň ataň elindäki mal-mülküň hem barysy seniňki bolar. Meniň daýymyň gyzy hakyndaky aýdanyň bolsa, senden onuň ganyny sorajak adam bolup bilmez». Men şeýle diýenimden soň, çopanyň gyzy ýerinden turaga-da, bir jam suwy aldyda, doga okap, suwa dem salmaga durdy, ondan soň bolsa: «Eger seni gudratly Allahymyň özi göle edip ýaradan bolsa, onda sen şu keşbiňi üýtgetmän sakla, ýok, eger sen jadylanan bolsaň, onda sen beýik Allahymyň emri bilen, ozalky keşbiňi kabul et!» diýdi-de, ýaňky jamdaky suwy göläniň üstüne serpip goýberdi welin, ýaňky göle duran ýerinde silkindi-de, birdenkä adam boldy duruberdi.
9
31
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.