alma___
30.05.2024 17:37
– Ýok, mähribanym, biz hiç haçan biri-birimizi taşlamarys. Näme bolsa,
başa gelenini bileje çekeris. Gel, gowusy, beýdip, gam-gussa boglup oturmaly-da, bileje naharlanaly.
Wiý, huşum gursun, men seniň halaýan jüýjeli palawyňy bişirip goyup-
dym-a!
Olar aşhana geçip, bileje naharlandylar, Soňra ýerlerine geçip gyşardylar.
Işden ýadap gelen Merdan derrew uka gitdi. Maýsanyň welin hergiz ukusy
tutmaýardy, gözlerine çiş kakylan ýalydy. Birdenem ol gapdalynda ýatan adamsynyň arkaýyn ýatyp bilmän, ikiýana towlanjyrap, nämedir bir düsnüksiz zatlar samrap, dişlerini gyjap, yňramasyna özüne geldi-de, allaniçigsi bolup, oňa naýynjar seretdi. Soňra onuň üstüne birýana serpilen ýorganyny emaý bilen ýapdy-da, ýene-de pikir ummanyny boýlady. Ol: «näler gynanýar. «Alaç ýok» diýip, gol gowşuryp oturmagyňam çaky-çeni bar ahyry.
Tizräk her edip, hesip edip, bir çykalga tapmagymyz gerek! Yöne, näme etsek-
käk? Hä-ä, ogullyk ýa gyzlyk edinäýsek, nähili bolarka? Muny Merdan nähili
görerkä? Razy bolarmyka? Oz-ä, kiçijik çagalygyndan alyp, hut òz ata-enesi
hökmünde mähir berip, edep-terbiýe bersek, tiz òwrenisşib-å giderdi.
Bu syry bolsa oňa hic haçan aýtmarys. Bu biziň ömürlik ýürek syrymy
bolup galar!>».
Ertesi irden çaý başynda Maýsa adamsynyň ýanynda bu meseläni gozgady.
Merdan ilki başyny aşak salyp, uzak oýlandy. Soňra onuň kem-kemden ýüzi
ýagtylyp, şatlyk alamatlary peýda boldy.
Bolyar, men razy diýip, ol ylalasdy. Soň ýeke ýüregiň-ä gysmasa gerek.
... Bir gün olar öýlerine naşyja gyz bäbejigi alyp geldiler we oňa «Bagtygul
diýip at goýdular. Gelin oňa şeýle mähir berdi welin, ol asyl bar zady unutdy.
Haçan görseň, gyzjagazyň ugrunda ikiýana ylgap ýörendir. Ol bir gôrsen,
haýsydyr bir derman gözläp ýörendir, bir görseňem, ýokumly iýmit agtaryan-
dyr. Gyzjagaz Merdana-da ýarady. Bir sapar oňa kicijik enaýyja goljagazlaryny
galgatsa, ýene bir gezek naşyja ýylgyryp bakdy. Ýyllarboýy gugaryp duran öýden näzijek çaga sesi çykansoň, ol birhili gözelleşip, giňelip, ýylan ýaly boldy.
Olar ömründe ilkinji gezek «eje», «kaka» diýen çaga sözlerini eşidenlerinde,
gözýaşlaryny saklap bilmediler. Ikisi hem çagajygy bagryna basyp, gezekli-gezegine göterdiler. Onuň her bir hereketine, jedirdäp aýdýan näzijek geplerine
hezil edişip gülşüp, çäksiz begenýärdiler. Soň-soňlar gyzjagazy kesekidirem
öýtmediler, öz ýüreginden önen perzendi ýaly eý gördüler.
Merdanyn bu şatlygy uzaga cekmedi. Soňky günlerde gelniniń gowresi
birhili çişen, saralyp-solup, Aý ýaly ak ýüzi garört bolup, nähilidir bir dert tapyndy. Ol bu barada adamsynyň ýanvnda kelam agyz dil ýarmaýardy, bolşy
birhili syrly görünyärdi. Adamsynyň: «Aýt, saňa näme bolýar?» diýen sowalyna:
«Aý, kän bir ýarawlygym ýok öz-ä» diýip, jogap gaýtarýardy.
Maýsa näsaglanyndan soň, Merdanyňam mazasy bolmady.
Dünýäde bar mydarym şoldy. Ine, indi ol hem nàsag, Indi
men şu gyzjagazym bilen galybermeli bolarmykam diýip, gussa batýardy.
Merdan soňky günlerde her năme bolsa-da, gelninin sahdacyklygyny
onatilyga ýormady. Ol: «Bu üýtgäp ýören-ä däldi-de hernà?! Òzi nasag. ýöne
şadyýan? Ol muny onuň özünden soramagyň gelşiksizlgini duýup:
«Gel, mundan artyk azar bermäýin-le!» diýip, içini gepledyárdı.
Günlerde bir gün Maýsa öňkülerindenem birhili has şadyýan we owadan
göründi. Ol adamsyna dylym-dylym edip, näzli ýylgyryp bakdy-da:
– Buşlugymy berseň, saňa bir zat aýdaýynmy? - diýdi.
Hawa, aýt! Göwnüň näme islese beräýerin.
Buşluk, tizden biziň ekiz oglumyz bolyar!
lukmanlaram muny tassyklaýarlar. Gyzjagazymyz düşümlije boldy.Ahyrsoñy
Taňry bize gülüp bakdy.
diýip, begenjinden uçar guşa dònen Merdan
Onda, näme üçin ozal aýtmadyň?
diýip biçak tolgundy.
Has anyk bolynça aytmaýyn diýdim.
Haktagalla: «Bendämi giç goýaryn, yöne boş goýmaryn!» diyipdir-ä, bizi
sòýgimiz halas etdi mähribanym!- diyip, Merdan aýalyny bagryna basdy.
Ýürekden edilen yhlas gowuşyar.

Eziz Ukbal
Hekaýa gysgaldylyp alyndy
25
113
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.