Imissyou
30.05.2024 11:47
Kakam ÿaşaÿarka ÿeriñ ÿüzünde

Elimde kän öwerlik bir zadym ÿok,
Ÿönekey adam men,iliñ gözinde.
Yöne ynan,menden bagtly adam yok,
Kakam yaşayarka yeriñ yüzünde.

Aç bolaÿyn,köne bolsun lybasym,
Yöne,kakamyñ bir jany sag bolsun.
Alyan her demimde Jennet howasyn,
Kakam yaşayarka yeriñ yüzünde.

Bilmän basan wagtym itleñ guyrugyn,
Yolbars yaly yöretdi öz buyrugyn.
Saylap iyyän bişen miwäñ yarygyn,
Kakam yaşayarka yeriñ yüzünde.

Ylhamy sen,saylap alan kesbimiñ,
Sende göryän,mertdigini aslymyñ.
Bilyän hijem yerde yatmaz islegim,
Kakam yaşayarka yeriñ yüzünde.
21
42
flowers_
30 May 2024
Awtory kim?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.