alma___
30.05.2024 09:11
Hekaýa 1

Gelin adamsy bilen halaşyp durmuş gurupdy. Oňa Merdanyň hoşgylyklylygy, merdemligi, birsözlüligi diýseň ýaraýardy. Merdana-da onuň mylaýymlygy
hoş ýakýardy. Olar indi köp ýyllardan bäri agzybir ýaşaşyp gelýärdiler. Ýöne,
olaryň perzentleri ýokdy. Olaryň ýagsy umyt edip, ýüz tutmadyk, bejertmedik
ýerleri galmandy. Baran ýerlerinde güler ýüz berip, umyt bildiriji gepleri aýd-
ýardylar, yöne hiç hili netije ýokdy. Olaryň ikisine-de: «Çagaň boljak bolsa, şu
çaka çenli bolardy. Beýdip, biderek garaşyp ýörme, tizräk, heniz ýaşyň geçip,
giç bolmanka, aladaňy et. Wagtynda çaga-çugaly bolup, köpel-känel! Yogsa,
soň puşman edersiň!> diyip, öwüt-nesihat berýänlerem ýok däldi. Yöne, olaryň
ikisem beýle gep-gürrüileri piňine-de alman, göwnübir ýaly ýaşap yördüler.
Dogry, birki sapar olaryň sözleri azaşdy, Maýsanyň öýkeläp, atasy öýüne giden gezekleri hem bolupdy. Gelin derrew ýaraşmaga bir bahanajyk tapyp,
gaýyn öýlerine dolanyp gelýärai. Adamsam ony bagyşlap, ýene önküsi yaly
bolup, ýaşaşyp gidýärdiler.
Gelin birnáçe ýyl mundan öň yrym edip, täze bolan çaga geydirilyan eginbaşlary bazardan satyn alyp gelip, olary tördäki gülli sandyga salyp gizlàbem
goýupdy. Adamsyna gymmatbaha caga sallançagynam aldyrypdy. Garry enelerin aýdanyny edip, üc günläp, säher bilen Astanababa zyýarat edip, ol
yerin «jadyly» guýusyndan garabam görüpdi. Sonda oňa üç sany parlak ýyldyz
gornüpdi. Bu bolsa onuň üç cagasynyň boljagynyň alamatydy. Ýone hernäçe
sabyrsyzlyk bilen garassa-da, arzuwv amala asyberenokdy. Ýyllar bolsa yzly-yzyna kerwen gurap, şo-ol birsyhly gecip durdy, geçip durdy.
Maýsa adamsyna garaşyp oturyşyna, birçak sowap, buza dônen çaýy täze-
den gyzgynjak çaý demläp: «Sowaýmasyn» diýip, üstüni basyryp goýdy. «lnd-ä
geliberse gerek» diýip, sowan naharyny gazanyň aşagyna ot ýakyp gyzdyrdy.
Gije birçene barsa-da, adamsy gara bermäninden soň, ol: «Aý, muňa iş bolsa
bolýar, başga bar zady ýatdan çykarýar!»> diýip, Öz ýanyndan käýindi. Başyny
ýassyga goýdy-da, ymyzganyp, süýji uka gideninem duýman galdy. Ol adamsynyň: «Hany, tursana!>» diýip, egninden yralaýan sesine oýandy.
- Garaşyp, garaşyp, gözüm ýolda galdy, ne beýle uzak
eglendiň? Janyň beri sagmy?diýip,mylaýym gùrledi. Birdenem:
–Indi hasap edip görsem, on ýyla ser urupdyr .Şol bir ýagdaý, hiç hili üýtgeşiklik ýok. Beýle durmuşdan halys ýadap, sabyr kasäm püre pür doldy -diýip,
aglamaga başlady.
–Beýle diýmesene, janym. Ýene birazajyk sabyr edeli, belki, bize-de taňrynyň nazary düşäýedi-dä! Biz biri-birimizi çyn ýürekden söýýäris ahyry!
Men bir zada düşünemok,
Biziň hic kimden kem ýerimizem yok, ile eden
ýamanlygymyzam ýok. Ömrümizde kisiniň jinnek ýalam hakyny iýmedik. liler
birçak çaga-çugaly bolup, köpelip-känelip gitdiler. Görünnmedik, bejertmedik
ýerimizem galmady. Lukmanlaram: aýtman, kime aýdaýyn, su durmusdan halys irdim, bar zatdan bizar boldum
-Maýsa jan, menden gaty görme, Hudaýyň eradasyna alajym ýok- diýip, adamsy özelenip gürledi. Maňa baglanyp oturman, òz bagtyňy tapsaň
nädýär? Belki, basga biri bilen çagaň bolup, bagtyň açylyp gider. Meni gaý-
gyrma, näme bolsam, şol bolaýyn. Oz takdyrymdan görerin.
–Näme, năme diýdiň?– diýip, gelin allaniçigsi bolup, elleri bilen adamsynyñ agzyny tutdy-da, onuň yüzüne delmuryp bakyp, aglap goýberdi. Wah,
ýüregimi ýakmasana, biz biri-birimizi nädip taşlarys ahyry? Arkaýyn bol, men
gaýdyp başga biriniň ýüzüne bakman! «Git!» diýseň giderin, ýöne galan ömrümi atam öýünde yeke ýaşap ötürerin! Men sensiz öz durnusymy göz öňüne
getiribem bilemok. Nädeýin, sensiz ýaşap bilemok, maña senden başga hiç
kim gerek däl.
-Wah, maňa-da senden başga gelin derkar däl. Menem hiç haçan sen-
den başga öýlenmen.

dowamy bar
26
136
bitanem
30 May 2024
Haladym goýaýda
ilova
30 May 2024
Dovamyny goyay
jucc
30 May 2024
jucc
30 May 2024
Dowamy barmy
alma___
30 May 2024
Halasañyz dowamyny goýjak
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.