awadan
30.05.2024 08:50
Söýgülimi başgaň gujagynda gördüm (3-nji bölüm)
Gaharyma Aýjemaly uramda, gatyrak ugraýdym öýtýan onyň gapyrgasyna zyýan ýetdi
Öýe gelemsoň yzly yzyna gelýan jaňyn almadym.
Ertesi ýene jaňyn saklanyp bilman aldymda
- aloo diýdim
- Şerzat, bagyşla meni özime näme bolanny bilemok, nadip oňa bolýa diýenim ýada düşenok, gören zatlaryň ikimiziň aramyzda galsyn doganym Serdar eştdip ýuzi gyzmasyn,hiç kime aýtmaýda senden dyzyňa çöküp ýalwarýan : - diýdi
Şerzat
- şeýtdenden duýn seni uryp ölduren bolsam, bu gun jaýlardym ,name saňa meniň söýgum kemlik etdimi, şeýtdenden ýuzume aýdan bolsaň,mähirden ustuňi gömerdim,indam meni unut jaň etme:- diýdim-de telefony goýdym
Aradan iki gun geçdi Aýjemal bolsa diňe jaň edýardi, men almadym,ahyr özi ýadap, özi goýar diýdim,soň ýene özim oňa jaň edip
— Aýjemal, men maşynymy awariýa etdim,ýetişip bilseň ýetiş diýdim
Oda
- men hokman bararyn meni bagyşlasaň bolýar:- diýdi
Salgy beren ýerime hakykatda ol ylgap diýen ýaly geldi we gelşine meni gujaklap
— bagyşlaýda meni, ol haramzada her zat etdi, doga etdimi bir zada etdi ýone bolýa diýip duran boldyma oňa, öz erkime onyň gujagyna girmejem bellidir ezizim diýdi
Ýene saklanyp bilman menem gujakladym .Iki bolyp ýedi ýolyň ustunde gujaklaşyp aglaşdyk
Men ony ýene bagyşladym
Ýöne ýuregimde arman galdy, naçe bagyşladym diýsemde, bir gara tegmil ýurek çüňünde ýurege sünçüp durdy
Aradan esli wagt geçdi.
Obada ýeriň aşagynda ýylan ýöresede derrew bilinýar, naçe gizlejek hem bolsak bolmady, derrew oba gep boldyk,
Ol şondan soň geçen ýyl medeniýet instudyna okuwa girdi.
Ony uranymy, onyň öýindakiler we meniň öýimdakileriň bary hem bilýardi.
Obada diňe men bilen Aýjemalyň gurruňi edilýardi.
Nira barsaň Şerzat öz söýgülsini gaty agyr edip urypdyr,diýen sözleri eştmek bolýardy, ýöne nameüçin urypdyr ony welin her kim ,her zat diýip gep çykarypdylar
Men ol geplerden gaçyp bu ýyl ,menem okuwa gaýtdym
Okuwymdan daşary, işlän bolýan,indi yurda barmarmykam diýýan welin meniň göbek ganym daman topragy meni ýöne özine çekip dur
Şondan soň Aýjemalym kän görmedim,ýöne naçe ýadymdan çykarjak hem bolsam ýadymdan çykaryp bilemok,ýurege gaty ýakyn edip hiç kimi söýmeli däl ekeni, naçe zatlar başdan geçirsemde ýene şony kuseýan, ýene şony göresim gelýar
Men ony söýýän,emma ol meni meniň ýekeje sekunt söýşüm ýaly söýüp bilmedi
Baky söýgi adam ömrinde bir gezek bolýar galan söýgi bolsa diňe ylalaşyk.
Ol söýgim bilen hiç hoşlaşasym gelenok, hoşlaşmasyn söýgumiz .....

Yitip gitseñ dolanmazmyñ yzyña,
Hoş gal diýdiñ,hoşlaşmasyn söýgümiz,
Bu gün gitseñ,barman asla ýanyña,
Hoş gal diýme,hoşlaşmasyn söýgümiz?!

Bile gecdik gecen günleñ baryny,
Sen gidaýseñ ýitirerin barymy,
Söýgi bagtmy ýa baýlyga baglymy,
Hoş gal diýme,hoşlaşmasyn söýgümiz?!

Bakyp dursun gözleñ maña mydama,
Arzuwum sen,bol mydama ýanymda,
Päk söýgümi goşup söýgi mukama,
Diñle söýgùm,hoşlaşmasyn söýgümiz?!

Kalbymda sen,söýgüm saña bakydyr,
Päk söýgimiz dünýàñ,jennet bagydyr,
Ýarym ynan, ömrüm saña baglydyr,
JANYM ÝITER,HOŞLAŞMASYN SÖÝGÜMIZ?!....

~~~Soňy~~~~
20
137
ayymsha
31 May 2024
@awadan, Derejeäňiz gutly bolsun! Hekaýa gyzykly eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.