Arslan_Alaýew
29.05.2024 21:13
'Ganhor güller'

Şäheriň çetindäki öýe bir ýaş maşgala göçüp geldiler Olar bu öýe gelenine indi 1 hepde bolupdy Öý juda gowydy uly howlusy bardy 2 etažly öýüň arka tarapyndaky bagda esasan-da gyzyl güller boý alyp durdy bu öýüň öňki eýeleri güle mähir goýan ynsanlar eken
Käbir sebäplere görä olar öýüni satyp gitmäge mejbur bolupdyrlar
Öýi ýaş durmuş guran maşgala satyp gitdiler Mark we Klara bu öýi bir hepde içinde öňküsinden hem üýtgedip gözeleşdirdiler jaýyň köne zatlaryny aýyryp ýerine täze zatlar dan aldylar.
Jaý 2 etažly daşardan seredeňde köneräk görünýän Jaýyň içine girende her bir adamy haýran galdyrýardy çünki öýe girenňizde birinji gören zadyňyz bu gyşy ýazy özüniň görnüşini üýtgetmeýän gyzyl güller boý alyp durdy.
Bu gülleri gören her bir adam olaryň gözelligiden gözüni aýyryp bilmezdi şu sebäpli klara öýdäki hemme zady çalyşan bolsa hem güllere degmedi. Nähili duran bolsa şeýle hem durdy.
Öýe gelenlerine 2 nji hepdäniň başy mark güni boýy işde klara bolsa öýüň işleri bilen başagaý bolup ýördi klara şol güllere mähir goýdy her gün olary suwaryp serederdi.
Hemmesi şol gorkunçly gijede başlandy....
Ýary gije hemme uklap ýatyr şu hatarda gahrymanlarymyz hem daşardaky gygyran adamyň sesinden mark ukydan oýanyp gitdi kimdir batly sesine kömek sorap gygyrýardy mark ýerinden turup howlyň ortasyndan düşdi ses arka tarapdaky bagdan gelýärdi mark şol tarap çalt-çaltdan şol ýere ýöräp bardy seretse juda gorkunçly wakaň şaýady boldy bolýan zatlary görüp aklyndan azara geldi Hälki güller bir adamy çyrmap alyp boýnuny we el aýagyny orap alan güller Hälki adamyň ganyny sorýardy Adam bara bara bogulup barýardy azabdan ýüzleri gögerip gyzaryp gitdi we ol bütinleý dem alyp bilmän galdy ol ölüpdi.
Buny gören mark duran ýerinde gorkydan ýaňa doňup galdy We klaranyň ýanyna ylgap gelip ony ukydan oýatdy oýan oýan klara bol sen bir zady görmegiň gerek klara näme boldy mark gowçylykmy özi meni gorkuzýaňyz Sen bir zady görmegiň gerek bol tizräk mark aýaly klarany şol arka tarapdaky baga alyp geldi seret  klara näme görkezjek bolduňyz özi bu ýerde hiç zat ýoga Näme düşünmedim häzirjek men şu ýerde görüpdimä Mark özüňize geliň näme gördüňiz men ony gördüm nämäni Ana ol sen mähir goýan gülleriň ganhor gül ekenine şaýat boldum Nämeler diýýäňiz mark Bir adamy bogup şahlary ýaprakly bilen orap bogup öldürüp ganyny içdi men öz gözüm bilen gördüm Hany gören bolsaňyz hany jesedi mark bütünleý akyldan azara geldi çünki jesedi hiç ýerde ýokdy.
Mark siz ýadansyňyz ertir işe gitmän biraz dynjyňyzy alyň diýdi klara mark ýok men muny subut ederin saňa görkezerin diýip öýe girip gitdi....
Ertesi mark klara bilan hoşlaşyp işe gitdi Klara güllere suw guýan mahaly güller ekilen ýer juda bolup başgaça bolup galana haýran galdy Toprak öňküsinden ýokary göterilendi.
Klara ýeri ýumşatmak üçin kätmen bilan ýeri ýumşadyp başlady şonda kätmen Toprak aşagyndaky bir zada degdi bu daş däldi. ? Klara ol ýeri gazmaga başlady onuň hyýalynda agşamky markyň aýdan gepleri ýadyna düşdi Klara ýeri gazýan mahaly bir zat gören ýaly boldy Ýene çuňrak gazdy we ol zat adamyň eli bolup çykdy.
Ol ýere gömülen agşamky adam jesedidi.


Awtor: Arslan Alaýew
23
144
alma___
30 May 2024
Gorkynç 😱 Eken gùllerime guwanyp dàlde, gorkyp seredip başladym menà
maral
29 May 2024
Ýalñyşlyklar bar, ýöne fantastika gowy👍🏻
Kenno_Tabi
29 May 2024
@Bitter, 👍🏻
Kenno_Tabi
29 May 2024
Arslan Alaýewiň "Ganhor Güller" hekaýasy, owadan bir gorky bagy wadasyny berip başlaýar, ýazuw ýalňyşlyklary bilen doldurylan topraklarynda bökdençlik çekýär. Awtor, ýazuw düzgünlerini äsgermezlik edip, okyjyny hem garaňkyda goýýar. Şeýdip hekaýa has hem gorkunç bolýar. Gorkdum dogrusy
Bitter
29 May 2024
"Murat marožna almaga baryaka budrap yykyldy" diyen yaly yone bolayan zat gurrun berilipdir. Okana hic hili goşant gosmajak, biraz wagt aljak,belkem biraz gyzyklandyrjak hekaya bolupdyr. Licna men fantastika bln aram yok👈ine pikirim)
Arslan_Alaýew
29 May 2024
@Bitter, şu gün ýazypdym ýatdan çykypdyr düzediş etmek
Bitter
29 May 2024
Dyngy belgiler owredilyan guni mekdepden galdynyzmy😅
stella_🖤
29 May 2024
@Arslan_Alaýew, 😉
Arslan_Alaýew
29 May 2024
@stella_🖤, köp sag boluň minnetdar
stella_🖤
29 May 2024
@Arslan_Alaýew, gowy ýazýaňyz 👍🏻 sizi görüp meňem ýazyjylyk höwäsim artdy.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.