stella_🖤
29.05.2024 21:07
Bu waka bolan wakamy ýa-da rowaýatmy bilrmok ýöne gaty manyly.

Bir gün Isa pygamberiň ýanyna bir aýal baryp "Kömek ediň çagam bolanok. Ýekeje arzuwym bar olam bir perzendimiň bolmagy" Isa pygamber ýüzüne mylaýymja ýylgyryp " Hudaýyň ýanyna baramda soraryn" diýdi. Ol aýal garaşyp dileg edip otyrýady. Aýal Isa pygamberiň ýanyna baryp sorasa " Men size bu gynandyrmak islämok ýöne, siziň kysmatyňyzda ýok eken." diýdi. Aýal aglap öýüne gaýtdy. Ol şonda-da umydyny ýitirmedi ruhdan düşmän günde irden turan 5 wagt namazyny okanda agsam ýatmaka iýmäkä içmäkä perzent diledi. Bir gün Isa pygamberiň öňüne şol aýal çykdy elinde bir çaga bilen. Isa pygamber " Bu çaga kimiňki?" diýip sorady. Aýal begenip " Meň oglum boldy". Isa pygamber Hudaýyň ýanyna baryp. " Eý Hudaýym siz ol aýalyň kysmatynda perzendi bolmaýa diýipdiňiz: Alla oňa " Howa kysmatynda ýokdy ýöne ol günde menden diledi ruhdan düşmedi boljagyna ynandy menem oňa bir perzent berdim." diýipdir.
54
489
okyyjy
4 Iýun 2024
O mahal 5 wagt namaz🤔🤔
makol
3 Iýun 2024
Gaty manyly hekaya eken
deid
3 Iýun 2024
Gaty manyly
ideallider
30 May 2024
Isa pygamberiň kowmunda, erasynda 5 wagt namaz ýokdy🤔👍. Bu wakany ruhnamada, Burkut-Baba bilen, Musa pygamberiň gatnaşmagynda okapdym.
bitanem
30 May 2024
Ynam howa ynam
stella_🖤
29 May 2024
@smiling_, ýok eý sowul bela sowul bela😅😅😅
stella_🖤
29 May 2024
@smiling_, düşündim öýtýän🤭🤭
stella_🖤
29 May 2024
@blok3, 🥰
blok3
29 May 2024
@stella_🖤, 😊☺
blok3
29 May 2024
@Akram_Beshimov, 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.