alma___
29.05.2024 12:21
Hekaýa

Özüne göwni ýetýän Batyr obanyň iň akyIly hem asylly gyzyna göwün berýär. Jemal welin, ýigidiň söýgüsine söýgi bilen jogap
bermäge howluganok. Akylly gyz durmuşa
birtaraplaýyn seretmeýär. Çünki ýol uzak.
Durmuşyň her hili öwrümleri bar. Ömürlik ýanýoldaşyň
düşünjeli, zähmeti gören, ajyňy, süýjüňi deň paýlaşyp
biljek, umuman, özüňe kybapdaş bolsa gowy. Batyr
welin beýle däl. Uzyn boýly, ak ýüzli, pälwansypat, hàsiýeti boýunça alçak hem göwnaçyk ýigidiň durmuşa düşünişi başgaça. Barly ýeriň oglany bolansoň, hiç wagt diýenine ýok diýilmedik, Üç gyzyň
arasynda lälik ösen oglan der döküp, zähmet çekip görmedik.
Hojalygyň işi, mellegiň, mal-
garanyň aladasy oňa ýat.
Bir mekdepde on ýyllap bile
okan gyzyň Batyryň özüni alyp barşyndanam göwni galan ýerleri kän boldy. Matematika sapagyndan döwlet synagyny
fabşyranlarynda, Jemal Batyryň yz ýanyndaky partada oturdy.
Beýle ýanynda-da synpyň iň ökde okuwçysy Döwlet ýapyrylyp, sowallaryň jogabyny ýazýardy. Mugallym bir zada
gùýmendi. Şol pursat Batyr
Döwletden kömek sorap ýetişdi.
Ol baş atdy-da, ýene ýazyp
başlady. Batyr muňa düşünmän,
elindöki bir tokga kagyzy Dòwlete
bakan oklap goýberdi. Şol bada yzyna öwrülen mugallym bu ýagdaýy görüp, Dòwleti
öňki parta geçirdi. Batyr welin, synagdan soñ
Döwlede agzyna gelenini diýip, bolmajysyny
boldy. Onam az görýän ýaly, oglanlara-da onuň bilen
gepleşmezligi sargady. Garaz, Batyr bilen bagly şunuň ýaly ýagdaýlar mekdep ýyllarynda kän gaýtalandy.
Şonuň üçin ýüreginde Batyra bolan söýgi uçgunjykiary köräp başlanam
bolsa, gyz pikirlenmäge pursat sorady.
Synpdaş jorasy Gunçanyň Batyrda göwnüniň
bardygyny duýsa-da, Jemal syr bildirmeýärdi. Gunça
Batyryň özi hakda däl-de, köplenç olaryň maşgalasy,
öýi barada gürüň edýärdi. Ejeleri bir yerde bile
işlänsoň, olaryň maşgala gatnaşygy bardy. Oglanyň
köşk ýaly jaýy, onuň içiniň bezegi, gyz doganlarynyň
geýýån gymmat bahaly egin-eşikleri Gunçanyň my-
dama dilindedi. «Şolar ýaly öýe gelin bolaýsaň dagy,
durmuşda kem zadyň bolmaz» diýip, ol Batyra durmusa
çykmagyň arzuwy bilen ýaşayardy. Gyziaryň: «Weý.
bu gyzy, a söýgi, söýgi näme?» diýmesine ol: «Zadyň
bolsa, söýgi geler. Gitjek ýeri nire?» diýip, jakjaklap
gülerdi. Özüne üns bermeýänem bolsa, Gunça Batyryň
ýakyny ýaly bolup gürlärdi.
Sähel betlik etse, «Ejeňe aý.
daryn, oglan» diýip, oňa käýän bolardy. Köplenjem Batyryň gödeklik bilen beren jogabyny eşdip dymardy.
Gunça Jemala pikirlenmäge berlen pursatdan peýdalandy.
Orta mekdebi tamamlan
ýaşlaryň hersi birýana pytrady.
Gunçanyň arzuwyny wysal
etmegine mümkinçilik döredi.
Her gün bir zady bahana edip, Batyryň öýüne gatnan gyz, oglanyň ejesiniň göwnüni tapmagy
başardy. Yöne toýdan soň welin, bu öý onuň üçin dowzaha döndi.
Gunça arzuw edip baran öýüniň arzyly gelni bolmak bagty miýesser etmedi. «Hany, gelin
baý, dynjyňy alan bolsaň, öýüň işi bilen bol. Dünýäniň baýlygyny döküp, gelin edinemsoň, hak
töläp hyzmatkär saklamaryn-a
men...» Iki elini bykynyna tutup, depesinde direlip du-
ran gaýynenesini gören yaş gelin, tisginip gitdi...
Aradan birnàçe ýyl heçdi.
Gapydan giren sadaja geýnüwli, hortaň gelni Jemal
birbada tanamady. Adyny tutup salamlaşansoň, ol
ýanyndaky müşderiden biraz garaşmagy haýyş edip,
gelni diňlemäge durdy. Jemal «Men şeýle özgeripdirin-
mi? diýip, gòzüniň owasyny ýaşdan dolduryp duran
gelniň Gunçadygyna ynanmajak boldy. Ol:
-Men ýalňyşypdyryn, Jemal jan, gaty
ýalňyşypdyryn. Durmuşyň ähli manysy zatdamyka
öýdüpdirin. Ýöne söýgi, sylag-hormat bolmadyk ýerde dünýäniň baýlygam gözüňe görünmeýän eken.
Batyryň özem dereksiz bolup cykdy. Ne okady, ne-de
belli bir ýerde işledi. Ene-atasynyň gazananlaryny
sowup, ahyrynda-da ýoluny urdurdy. Aýal doganlarynyň berýän gazabam üstesine. «Sen biziň baýlygymyza göz gyzdyryp geldiň» diýip gün berenoklar. Indi
düşünýän, jora jan, ýöne giç-dä...diýip, durmuşyny
gürrüň berýàrkà Jemal Batyr söýgi bildirende, pikir-
lenmäge wagt sorap, ýalňyşmandygy barada oýlandy.

soñy.
33
163
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.