Tayler
28.05.2024 20:41
Sen tylla ýüzügim, sen mâhek daşym,
Bagt saňa nazaryn salsyn, ezizim.
Şum habar eşidip çytylsa gaşyň,
Ýalan bolsun, ýalan bolsun, ezizim.

Mydam doly bolsun bagt pyýalasy,
Hergiz aglamasyn ynsan balasy.
Duşmanyň gülküsi, dostuň nalasy,
Ýalan bolsun, ýalan bolsun, ezizim.

Bilbil aşyk bolup bahar gyzyna,
Heň goşanda gülâlekleň nâzine.
Gyş dolansa ala dagdan yzyna,
Ýalan bolsun, ýalan bolsun, ezizim.

Goşa ýürek, goşa arzuw - taýym sen,
Gökden düşüp ýerde dogan Aýym sen.
Bir söý bilen ykbalyňdan kâýinseň,
Ýalan bolsun, ýalan bolsun, ezizim.

Ynanmagyn "Söýýän" diýip söýseler,
Ynanmagyn o:tsuz-külsüz köýseler.
"Ýaryň senden göwni bölek" diýseler,
Ýalan bolsun, ýalan bolsun, ezizim.



A.Tagan
21
48
manolya
28 May 2024
💚
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.