stella_🖤
28.05.2024 16:06
Beýleki dosty gelip onyň ýeňsesinden tutup äkitdi olar urşup başladylar. Sesleri giden soň ýerim turup aýnadan bökdim. Ylgap gaçdym. Näme etjegimi bilemokdym soň daşa büdräp ýykyldym. Ysgynym galmady gaty gorkdym. Ysgynsyz aglap ýatyp galdym. Irden suwsap turdum. Elim bilen ýer gazyp başladym. Çydaman ellerimi galdyryp dileg edip başladym. Aglap "Allam kömek et meň günälerimi bagyşla toba etýän indi. Haýyş maňa kömek et." diýip ýarym sagatlap diledim. Kelläme bir damja suw degdi. Ýagyş ýagyp başlady men begenip tans oýnadym ýagyşyň aşagynda hezil edip ýatdym. Gözümi ýumup ýagyşyň aşagynda ýatdym ukladym. Birdan özümi balnissaň içinde tapdym. Lukmanlar daşymda ylgap durlardy. Maşgalam gapydan girip ylgap meni gujakladylar. Men näme bolýanyna düşünmän galdym.

Men- Niräk geldi?

Ejem- sen balnissada

Men- Nädip geldim?

Ejem- Maşyn kakdy seni bizem seni lukmanlaryň ýanyna geturdik. Koma girdiň ýöne indi bar zat gowy.

Men- Hiç zada düşünmedim.

Ejem-Bolýa sen kelläňi agyrtma men saňa gowy edip düşündirjek.

Men näme bolýanyna düşünmedim. Men yzyma gelipdirin. Men ýene 2024-nji ýylda diýip begenip başladym. Balnissadan çykansoň bir kompaniýa açdym, suwuň nähili gerekdigini aýtmak üçin. Soň televizorda kanal açdym suw hakynda. Kän kitaplar ýazdym. Adamlara suwuň gereklidigini dogry ulanmalygyny düşündirjek bolup her dürli zat etdim. Başarandyryn diýip umyt etýän. Bu zatlary etmek aňsat bolmady. Kän wagtymy aldy ýöne men başardym.


Soňy.





Awtory:Maýsa Welmenowa.
35
182
iamemir
6 Iýun 2024
@hosa, salam bro🥰
stella_🖤
31 May 2024
@Arslan_Alaýew, sagbolyň
Arslan_Alaýew
31 May 2024
Eser gowy bolupdyr dowam ediň 👍
stella_🖤
29 May 2024
@zina, minnetdar🥰
zina
29 May 2024
❤️❤️❤️
zina
29 May 2024
Berekella ustunlik gowy yazypsyn yaş bolsanam
stella_🖤
28 May 2024
@gurbanspr, sagboluň
gurbanspr
28 May 2024
@stella_🖤, eser gowy bolupdyr 👏👏👏
Kenno_Tabi
28 May 2024
@stella_🖤, hiçzat
stella_🖤
28 May 2024
@Kenno_Tabi, nm boldy🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.