Tayler
28.05.2024 15:30
Filadelfiýanyň (ABŞ) 100 ýaşly ýaşaýjysy Berni Littman 102 ýaşly Marjori Fiterman bilen durmuş gurdy. Är-aýal Ginnesiň rekordlar kitabyna girip biler – olaryň umumy ýaşy öňki rekorddan azyndan 7 ýyl ýokary diýip, Fox News habar berýär.



Jübütler, takmynan, 10 ýyl ozal garrylar öýünde tanyşdylar we şondan bäri aýrylyşman gelýärler. Ikisiniňem ýoldaşlary ýogalypdyr.
Bu Berniniň ikinji nikasy. Ol merhum aýaly Bernis bilen 65 ýyl ýaşapdyr, olaryň iki çagasy, dört agtygy we dokuz çowlugy bar.
Littmanyň agtygy Sara Şiherman onuň gaýtadan öýlenmegi maşgalamyz üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy diýip boýun alýar. Ol: “Biziň hemmämiz onuň wagtyny we aladalaryny paýlaşyp biljek birini tapanyna begendik. Olar birek-biregi tapyp, birek-birege goldaw boldular, esasanam pandemiýa döwründe "-diýýär.



Täze çatynjalaryň garyndaşlary olaryň dünýädäki iň garry är-aýal bolandyklaryna ynanýarlar we Ginnesiň rekordlar kitabyna arza berdiler.
Häzirki rekord angliýaly Dorin we Jorj Kirbilere degişli, 2015-nji ýylyň 13-nji iýunynda toý edenlerinde olaryň umumy ýaşy 194 ýaş we 279 gündi. Fiterman bilen Littmanyň umumy ýaşy 202 ýaşdan geçýär.


Tmcars
28
76
asking
28 May 2024
tuweleme👍🏻
Akram_Beshimov
28 May 2024
Nesip bolsa rekordy döwjek
Islam_Atayew
28 May 2024
@mandarin, 😁 bagtyn acylmagy ün hic wagt gic dal eken.
mandarin
28 May 2024
Bize ir oylenmane😂🤣😂
mandarin
28 May 2024
Islamjan bizr
Islam_Atayew
28 May 2024
bagtly bolsunlar, goc-goc ogullary ay yaly gyzlary bolsun...👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.