Imissyou
28.05.2024 14:35
Diňe gowy tarapyny görmek (tymsal)

Bahar paslynyň bir güni bir adam öz melleginiň bir künjü­ne bägül tohumlaryny sepip, oňa ideg edipdir. Günleriň bir güni onuň nazary şu gün erte açylmaly owadan bägül gunçalarynda eglenipdir. Ýöne gülleriň balda gyn daky tikenlere pisindi oturman: «Ýogsa­da nädip, ýiti tikenli ösümliklerden beýle owadan güller açylyp bilýärkä?» diýipdir­-de, gunçalap başlan bägüllere idi­yssywat etmesini bes edip, olary suwdan hem kesipdir. Neti
jede, gunçalap açylmaly bägüller kem­-kemden süllermek bilen bolupdyr.
Gynansak­da, käwagt durmuşda­-da şuňa meňzeş ýagdaýlar az bolmaýar. Her bir adamda şol bägüller mysaly, ony üýtgeşik edip görkezýän tapawutly häsiýet aýratynlygy bolýar. Ol aýratynlyk biziň ganymyzda, emer­-damarymyzda owal başdan ornaşyp, biziň her birimizde bar bolan «tikenleriň» – ýetmezçilikleriň arasynda boý alýarlar. Adatça, biziň köpimiz özgelere seredip, diňe şo «tikenlerdir» kemçilikleri görüp, öz aňymyza görä, baha berýäris.
Eger­-de biz ynsanlardaky «bägülleri» özlerine görkezmegi başarsak, olar basym özleriniň «tikenlerinden» dynmagyň ugruna çykarlar. Şondan soň olar hemişe «gül açyp pajarlar».

Çeşme: "Zaman" gazeti
20
63
ilmir
6 Iýun 2024
Nireli sz
ilmir
6 Iýun 2024
Salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.