lavinya_
27.05.2024 17:16
Senden uly ýok diýseler,

Eselmegin sen.

Senden kiçi ýok diýseler,

Peselmegin sen.


Özüň kiçi bolsaň – uly boljak bol,

Özüň uly bolsaň – kiçi boljak bol.

«Sen keçe!» diýseler – haly boljak bol,

«Sen haly!» diýseler – keçe boljak bol.


«Sen köçe!» diýseler – ýoda ýaly bol,

«Sen ýoda!» diýseler – köçe boljak bol.

Hem-ä öz ýaşyňdan

Uly ýaly bol,

Hemem deň-duşuňdan

Kiçi boljak bol.


Özüň serdar bolsaň – daýhan boljak bol,

Özüň daýhan bolsaň – serdar ýaly bol.

Gerek bolan güni – iliňe baş bol,

Soň ýene ýer depip, agdar ýaly bol.


Öz gysga ýoluňy, ýalňyz ömrüňi

Şeýdip ýaşagyn sen, şeýdip ötgün sen.

– Baý-baý, adam bolmak kyn zat eken-ow!

– Ýogsa aňsat zatdyr öýdüpmidiň sen?


Awtor: Kerim Gurbannepesow.
15
38
2106
28 May 2024
👍👍👍
alma___
27 May 2024
👍👍
Deyzi_
27 May 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.