TÜM
hekaýa
Garaňkylygy mesgen tutunan giň öýüň töründe ýüzüne kendir çekilip, haýsy reňkde bolandygy bireýýäm unudylan kürsüde owurdy çöken hortap goja otyr.
Bäşinji gatda ýerleşýän öýüň myhman jaýynyň penjiresindäki tutular mäkäm beklengi, olar Günüň ýekeje yşynam geçirmeli däl. Ýogsam Enwer goja çagalykdan batyldygyna garamazdan, muny şobada duýar, üstüne ýagy çozan ýaly gargynyp, sögünip başlar. Onsoň gyzy ýa agtygy ylgap gelip, otagy ýene zulmata öwürmeli bolar.
Goja kä oturgyja arkasyny berse, käte gününi döwlen köne saýawanynyň agaç tutawajyna daýanyp geçirýär. Oturan kürsüsi – onuň ömürlik tagty. Aýagaldygyna aýakýoluna ýetişmek üçin ýa-da adam organizmine mahsus beýleki hajatlar zerarly terk edýär diýäýmeseň, ýaşuly onuň üstünde soňky ýigrimiden gowrak ýylyny ýasy kümpüjini eýerläp ötürdi. Barja ýoldaşam gapdalyndaky stolda aýdyma gygyrýan gadym radiosy bilen, göräýmäge, kör üçin nähili geň bolsa-da, milli teleýaýlymlary tutýan telewizory.
Ol aýdym-saza meýmiräpjik ýatyp galýardy, göýä olar ýörite onuň şanyna ýazylan hüwdi ýalydy.
Tümlükde itler peýda boldy. Men olary görýän. Daşymdan aýlanyp, hojaýynyny goraýarlar. Akly-garaly bu alabaýlaryň öz aralarynda telepatiýa arkaly habarlaşmak ukyby bar. Olar sesini çykaranok, üýrenok, ýöne biri-birine düşünýär.
Bu itleri men getirmedimem, getirtmedimem. Özleri daşyma egele boldy. Daşaryk gezmäge çyksam, olaryň peýdasy degmegem ahmal, ýöne men eýýäm ençeme ýyl bäri bu ýerimden uzak wagtlyk gozganamok. Götümi galdyrdygym, kürsim eýelener öýdüp gorkýan.
It – wepa, aýal biwepa diýleni. Bu öýdäkilere ynam ýok, heleý diýeniňe bil baglar ýaly däl. Ol güjügem aýal täsirine düşmänkä, wepadar edip terbiýelemegi başardymmykam, bellisi ýok.
Men şu oturan ýerimde nahar iýemde, çörek owuntyklaryny bilgeşli seçeläp, etini-süňküni ýere gaçyrýan. Beýlekiler muny emelsizligimden görýändir, ýöne olar daşymdaky itleriň symyşlap, biri-birinden öňürtjek bolup hyňranşyny bilenoklar.
Kempiri ýogalany bäri Enwer goja diňe gyzy hem agtygy bilen ýaşaýardy.
Gyzy Näzik äri bilen bir ýylam ýaşaşman aýrylyşyp, garry öýe eli bäbekli gelipdi. Dolmuş tegelek ýüzünde hiç hili özüneçekijilik, hereketinde-de dogumlylyk bolmansoň, ol gaýtadan durmuş gurmak tamasyna örküni baglajagam bolmady.
Eneli-ogul garryň igenjine, iýýän çörek-duzlarynyň özüniň hemaýat puluna alynýandygy baradaky teýeneli gürrüňlerine, minnetine, paýyş sözlerine öwrenişipdiler, has takygy, ondan başga ýaşaýşy görmändilerem, şonuň üçin garra köre-kör tabyn bolýardylar. Gyzgalaňly, köpöwüşginli, şatlyk-gaýgyly erkin durmuş ýagtylygyň akymyna temme baglan perdeleriň aňyrsynda gaýnap-joşýardy. Bu hojalyk bolsa günleriň girdabynda gyrky sanap ýaşaýardy.
Agtygy Gowşut ýagty dünýäni diňe mekdebe gideninde synlap ugrapdy. Ýöne kör babasynyň duýdansyz gykylyklaryndan ýaňa heniz gulagy gatap ýetişmänkä ziňkildewük bolan ýasawy gorkak oglanjyk ibaly bilim alybam bilmedi. Gerekli ýerinde öýde onuň bilen sapagyny gaýtalamaga ýardam berjek ýa bilmedik zadyny düşündirjek adam ýokdy, mugallymlarynyňam okuwdan soň eglenip, aýratynlykda hemaýat etjegi tapylmady. Gaýta, birneme sakawlap, maňňyl-maňňyl edip gepleýän ebeteýsiz çagany köpüsiniň jyny alanokdy. Çala gygyrdygyň gypjynyp, bäş-beter sakynyp başlaýan oglanjyk ula selki, kiçä gülki bolýardy. Şol peltek halyna bagşy bolmagam arzuw edýärdi.
Üstesine-de, maýybyň maşgalasyndan bolansoň, çykdajyly meselä gezek gelende-de onuň mekdebe peýdasy degenokdy: Babasy çaga üçin kör-köpük çykarjak adam däl.