stella_🖤
27.05.2024 11:39
2077-nji ýyl (3-nji bölüm)

Suratlara seredip aglap başladym. Ejemi maşgalamy göresim geldi. Öňler ejeme gygyrýadym, bişiren naharlaryny halamokdym diňe zakaz edip iýýädim indi naharlaryna şeýlebiz zar welin....... Şükür etmedim hiç zada şükür edip ýaşamadym. Gaty puşmandym wagty yza saradasym gelýädi.

Dostum- Niräk geldik bu zatlary birinji gezek görýän. Sen näme üçin aglaýaň?

Men-Ine meň öýüm. Seret bular meň maşgalam.

Dostum-Aglama bar zat düzeler sabr et.

Men-Boldy indi yza gaýdyp bolanok şükür etmedim indem jezam şular.

Men öýümi dörüp başladym döwük ýerlerini elimden geleni bilen bejerjek boldym. Öýüm öňküsi ýaly gowy bolmasada ýaşarýalakdy. Ýeliň energiýasy bilen televizory bejerdim. Her agşam maşgalamyň wideolaryny görüp ýatýadyk. Öňküsinden kän suw tapýadyk. Elimizdäki gurallar bilen kän suw tapdyk. 4 aý boldy. Bir gün agaç kesmek üçin agaçyň üstüne mündi birdan aşak gaçdy. Agaç beýikdi gurany üçin gaçyp durdy. Dostym agaçdan gaçyp jan berdi. 3 adam bolup galdyk. Beýleki ikisi ölen dostymy iýmek plandady. Men bolsa ony gömeli jaýlaly diýip otyrdym biz urşdyk olar ony bişirip iýdiler. Men bolsa bir süňkini alyp gömdüm. Doga okap gaýtdym. Olar dostlaryny hezil edip iýdiler menem ölsem bal edip iýerler. Men olardan semizdim we olar maňa agzyny suwjardym seretýärdiler. Men gorkup başladym. Bir gije öz otagymda ýatyrkam. Dostlarymyň biri ýuwaşlyk bilen otagyma girdi. Elinde pyçak bardy menem çyklap ýatyrdym. Ýanyma süýşdi saçymy elledi. Gorkdym tursam meni öldürerdi turmasamam öldürerdi. Kinolardaky ýaly turup ýüzüne ýelmäp bilemokdym şonuň üçin ýatan syradym. Pyçagy eli bilen ýokaryk galdyryp öldürjek bolanda.......




Dowamy bar........
26
99
stella_🖤
27 May 2024
@flowers_, 😊
flowers_
27 May 2024
Minnetdar!💜
stella_🖤
27 May 2024
😕
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.