manolya
27.05.2024 00:00
Sowal -jogap
-Aýtsana jahanda nâmeler bolýar?!

-Zemine adaty ýaz pasly gelýär.

-Ne bahardyr kalbyňy heýjana salar ?!

-Ynsan ýüregine yşk şeýle geler !

-Soň ne bolar, näme bolar köňlüňe ?!

-Söýgi bolar nur çaýylar ömrüňe .

-Söýgi-de ýaz ýaly sowlar, geçermi ?!

-Ýok yşk berer elňe bagtyň açarny .

-Sözlesene näme diýmek bu beýle ?!

-Ýaşa ýaşaýyşyň adaty şeýle !

Durmuş uzar barar süýjüden -süýji ,
Dünýäniň bahary söýginiň güýji.

Gülşirin Hanowa
28
70
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.