Men gorkdym näme bolýanyna düşünmän galdym we ýanymdaky
dostlaryma sorag berip başladym.
Men- Öňem şunuň ýaly bolupdymy.
Dostym-Howa, kän boldy. Biz aslynda 60-70 adamdyk käbiri däliräp, käbiri suwsuzlykdan çydaman öldiler. Inha görüşiň ýaly 7 sany bolup galdyk.
Men pikire batyp ýöräp otyrdyk. Bular durdylar we agaçdan ýene öý ýaly zat ýasap başladylar. Meniň kelläme pikir geldi guran agaçlardan öý ýasajak bolup başladym. Kän synaşdym emma başarmadym. Ahyrn ýatyp galdym. Ir bilen turup daşlardan gural ýasap başladym men öz-özüme şeýle sorag berip başladym "Bäh 7 günläp hiç zat iýmedim nädip çydadym we wagt geçdigiçe güýçlenýän ýalydym. Ahyrn öý etmäni başardym. Agşam boldy biz tüm garaňkyda otyrs ot ýakdyk. Men şeý diýip söze başladym:
Men-Dostlar öňler buz bardy derýa bardy uly uly jaýlar, maşynlar, bardy. 4 pasyl bolardy, ýagyş ýagardy, gar ýagardy, gün çykanda gül çykardy bar zat gaty gowydy.
Dostym- Sen bu zatlary nireden bilýäň.
Men- Dogrymy aýtsam men 2024-nji ýylda ýaşaýardym. Bir gün özümi 2077-nji ýylda tapdym we size duş geldim.
Bular gülüp başladylar.
Men-Aý howa öz derdiňi özüňden başga hiç kim bilmez.
Diýip menem gülüp başladym. Oturanlaryň biri.
Dostym-Aýt hany 2024-de nämeler bardy.
Men- Her dürli suwlar. Düşüniň meň guran jaýymdanam uly giň. Hakda biz tehnology döwürde ýaşaýadyk. Alymlar aýtýady suwlar azalýa diýip üns bermedik.
Dostym- Bäh bula geň
Men-howa gaty geň suw bolmasa hiç zat bolanok eken meň döwrümde ýaşaýanlaryň hemmesini şu tak getirmeli.
Soň men aýdym hiňlenip başladym bularam ýatyp galdylar. Menem öň şükür etmelidim diýip ýatyp galdym. Şeýdip 2 aý geçdi. Gyş pasly bolmaly welin gyşa meňzänok. 4 adam galdy galany öldi. Meň bilen 5 bolýa menem bulardan biri boldym. Men indi gorkup başladym. Sebäbi men gün-günden ysgyndan gaçman güýçlenýädim özüm özüme haýrandym. Bu zatlar düýşmi diýip düşünýän welin bunuň ýaly uzyn düýş bolmaza. Men nädip geldim bärik nädip diýip gün-günden düşünýädim. Bärden gitme umydym gowy azalypdy. Indi men bärde galmaly bular ýaly ýaşamaly başga çäre ýokdy. Bularam meni gowy görüp başladylar. Menem mör-möjek iýip başladym. Käwagt suw tapýadyk galan wagt suwsuz oňýadyk. Men herimize öý ýasap başladym bular gowy öwrenşdiler. Öz-özüme kän suw tapsam öz ýurdymy gurjak diýip düşünýädim. Her gije diýen ýaly aglaýadym ýuwaş-ýuwaş öwrenşdim. Bir gün ýene suw gözläp otyrkak bir boş döwük öýe duş geldik içine girsem meniň we meniň maşgalamyň suratlary bardy.