stella_🖤
25.05.2024 20:35
2077-nji ýyl.

Men gaty mes hiç zat edip bilmeýän (pul sowmakdan başga) bir oglan. Bir gün özümi bir ýerde tapýan, nädip geldim, hiç zat bilemok. Hemme ýer çöllük hiç zat ýok. Birdan bir topar adam üýşüp bir zatlar etýärler. Menem bar ýerik burnymy sokmalyda ylgap ýanlaryna bardym. Kirli porsy ýadaw adamlar üýşüp elleri bilen ýeri gazýarlar. Menem:
-Salam, näme etýäňiz?
- Salam, bu nähili sorag gökden düşen ýaly bolup.(Aý näme howa gökden düşdim diýip bilemokda. Kim ynanar maňa.)
-Men ýöne bilesimgeldi.
- Suw gözleýäs ölmejek bolup.
-Deňiz göl zat ýokmy bärde?
-Sen nireden gelýäň? Seň şu wagtky ýeriň deňizdi, gurap gitdi. Bizden önki ýaşaýanlar suwy artykmaçy bilen ullanypdyrlar. Bize zat galmady. Günde suw gözleýäs hiç zat tapamzok. Sanaýmaly adam galdy olaram suwsuzlykdan açlykdan ölýärler.
-Biz näçinji ýylda?
-2077. Men geň galyp indi düşündim. 2077-nji ýyla gelipdirin. Indi men nädip gitmeli menem bu adamlar ýaly aç-suwsuz ölmelimi? Kellämi kän sorag gelip başlady. Men näme etjegimi bilmän menem ýer gazyp başladym. Olar maňa seredip ýer gazyşyma gülýärler. Näme menem haçan görseň ýatan adamda işlemän zat etmän hana indi şeýdip otur. Ýanymda kän pul bar hiç hili peýdasy ýok. Pul bilen bir suw satyn alyp bolmady. Agşam boldy men aç otyrn bularam ýörüň diýip gitjek boldy. Menem ýalbaryp başladym menem äkidiň diýip olaram men ýaly samsygy başda alyp gidesi gelmedi ýöne aldylar. Men öýe giderler öýtdim bular üç sany daşdan bir zat edip ýasap otyrlar. Bular nahar iýeliň diýip başladylar menem begenip boluň diýip otyrkam elime mör-möjek berjek boldylar menem gaçdym. Olar al iý süýji diýip otyrlar. Bulary 2024-de äkidip naharlary görkezsem nähili bolarka diýip düşünip, düýşümde nahar iýip ýatdym. Ir bilen tursam ýaňkylar ýene syw gözläp otyrlar. Menem gözlän boldym. Özüme haýran galyp bäh menem aç galyp bilýän ekenim çydamly ekenim diýip kömekleşýän. Şeýdip öňki wagtlaryma şükür etmeli ekenim diýip ýene ýatdym. Bu gün çydamadym özüme suw tapjak diýip söz berdim we taýak we daşlardan gural ýasadym. Olar etýän zadyma haýran galdylar. Olaryň gazmak üçin has aňsat usulyny öwretdim. Şeýdip öňküsinden has gowy gazyp başladylar. Men gulagymy goýup ýeri diňläp göreýin diýip diňläp başladym. Olar bu sapar üstümden güldi. Bular nahar iýeliň diýip geçdiler maňa-da biri beräýiň iýip göreýin diýenim şo wagtdy welin kiçijik tarakan berdi. Men ikä bölüp dişledim welin gusup başladym. Soň ysgynsyz ýatdym olaram işletdim. Şeýdip men ýene bir zatlar düşünip ýatyp galdym. Ertesi gün bir hili seslere turdym. Görsem biri ýeri ýalap dur ýuwaşlyk bilen ýanyna barsam guma suwdyr öýdip içjek bolup tapdym tapdym diýip gygyryp başlady. Men gorkup beýkekileri turuzdym. Olar aglap olam däliredi diýdi. Gynanyp gitdik.



Dowamy bar.......
37
143
zina
26 May 2024
@stella_🖤, oooo malades talant ekeniña ustunlik❤️
stella_🖤
25 May 2024
@gormegeyje, dowamy ertir🙃
stella_🖤
25 May 2024
@zina, özüm düzdim birinji gezek😊
gormegeyje
25 May 2024
Gowy eken 👏 dowamy haçan
zina
25 May 2024
Gorkunc eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.