suray94
26.05.2024 17:46
şu täjiriň bir katra ganynyň üçden birini meniň üçin bagyşlap bilermiň?» diýipdir. Onda jyn: «Bolýar, goja, eger seniň aýdyp berjek rowaýatyň meniň göwnüme geň hem gyzykly zat bolup görünse, onda men ol täjiriň ganynyň üçden birini saňa bagyşlaýyn» diýip jogap beripdir. «Biler bolsaň, şu keýik meniň daýymyň gyzy, jan-jigerim, göz-guwanjym —diýip, goja gürrüň bermäge başlaýar. —Bu heniz ýaş gyzka, men muny gelin edinip aldym, şeýdibem munuň bilen otuz ýyla golaý är-heleý bolup ýaşadyk, emma mundan asla çaga önmedi; onsoň başga bir heleý aldym weli, ol maňa bir ogul dogrup berdi, ýüzi 14 gijäniň aýy kimin, onuň gözüniň-gaşynyň owadanlygy-da dünýe malyna barabardy! Ol ulalyp-ösüp, on bäş ýaşyna ýetdi, şol wagtlar hem men aýry bir şähere gitmeli boldum, özümem her dürli harytlar alyp gitdim. Meniň daýymyň gyzy şu keýik bolsa ýaşlygyndan başlap jadygöýligi hem gözbagçylygy öwrenipdi. Ine, onsoň men gidenimde, bu keýik ol oglany göle sypatyna öwrüp, onuň enesi biçäränem sygyr edipdir-de, olary çopana goşup goýberipdir. Men, aradan birentek wagt geçenden soň, giden ýerimden dolanyp gelip, öz oglumyň hem onuň enesiniň nirededigini sorasam, daýymyň gyzy: «Seniň aýalyň-a öldi, ogluňam gaçyp gitdi, onuň nirä gideninem men bilemok» diýip jogap berdi. Ine, onsoň men arly ýyl, tä Allatagalanyň beýik baýramy —Gurban baýram gelip ýetýänçä, ýüregim gaýgy-hasrat içinde, gözlerimden sil kimin ýaş döküp oturdym. Gurban baýramy gelende bolsa, çopany çagyrtdym-da, bir semiz sygyr alyp gelmegi buýurdym. Çopanam semiz bir sygry alyp geldi (ol sygyr bolsa meniň soňky alan gyrnagym eken, ony, ynha, şu keýik jadylapdyr), men bolsam bu zatlardan bihabar, syýymy çyzňap, elime pyçagymy alyp, ol sygry öldürmäge girişdim welin, sygyr biçäre bar-bar bagyryp hem möňňürip aglamaga durdy; men muňa haýran galdym, asla ýüregim awap, haýpym geldi. Onsoň men ony öldürmämi goýdum-da, çopany çagyryp: «Maňabaşga bir sygyr getirip ber» diýdim. Emma daýymyň gyzy: «Ýok, sen şuny öldür! Bizde şundan gowy hem şundan semiz sygyr ýok!» diýip heňkirdi. Onsoň menem ýene şol sygry öldürmekçi bolup, onuň ýanyna bardym welin, ol ýene aglap başlady, onsoň men ony öldürip soýmagy çopanyň özüne tabşyrdym. Çopanam sygry öldürip, hamyny soýdy weli, ondan ne et, tapdy, ne-de ýag —hamydyr süňkünden başga hiç zat tapmandyr. Men ol sygry öldürenime soň puşman etdimem welin, soňundan meniň puşman edenimiň peýdasy bolmady, onsoň men ony şonlugyna çopanyň özüne berdim-de, oňa: «Maňa bir semiz göläni getirip ber!» diýip buýurdym. Çopan bolsa maňa öz oglumy getirip berdi. Göle meni gören badyna, dyzynyp bagyny üzdi-de, meniň ýanyma ylgap gelip, aglaýa-aglaýa, maňa oýkanmaga durdy. Meniň oňa haýpym gelip, ýene çopany çagyrdym-da: «Sen bu göläni goý-da, maňa bir sygyr getirip ber» diýdim. Emma daýymyň gyzy, ynha, şu duran keýik, meniň üstüme heňkirip: «Şu gün hökman şu göläni öldürmek gerek, bu gün haýyr-sahawat hem sadaka edilýän, diňeiň gowy mallaryň öldürilýän güni, biziň mallarymyzyň arasynda bolsa şu göleden gowy hem semiz malymyz ýok!» diýdi.«Seniň emriň bilen öldürilen sygryň nähilidigini bir gör —diýip, men muňa aýtdym. —Nähili aldanandygymyzy görýäň gerek, ony öldürmekden çigit ýaly-da peýda bolmady, men ony öldürenime puşman edip aňyrsyna ýetip bilemok, indi bu gezek seniň aýdanyňa gulak gabardyp, bu göläni öldürjek däl». Onda meniň daýymyň gyzy: «Keramatly hem merhemetli eziz Allanyň haky üçin şu mukaddes gün sen şu gölänihökman öldirsiň, eger-de öldürmeseň, onda sen meniň ärim däl, menem seniň aýalyň däl!» diýip gygyrdy. Men onuň bu zeýilli agramly sözlerini eşidip, munuň maksadynyň nämedigine-de düşünmän, elime pyçagymy aldym-da, göläniň ýanyna bardym...» Şährizadaň gürrüňi şu ýere gelende, eýýäm daň atyp, howa ýagtylyp başlapdyr, şol zerarly-da ol özüne ygtyýar edilen gürrüňi soňlaman bes edipdir. Onda onuň gyz jigisi: «Jan doganym Şährizada, seniň bu hekaýatyň ne beýle gyzykly, şirin hem ajaýyp gürrüň eken!» diýipdir.
14
60
ddddd
27 May 2024
🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.