suray94
24.05.2024 02:02
Emma mydamiýmişlisin gözläp tapyp atýas daşy. Günüň düzkä ýaýnap gezdiň, meslikde sürdüň döwrany, Pelek çarhyn ters aýlar diýp gynamadyň eziz jany». Täjir bu namany aýdyp gutaran badyna, jyn oňa: «Sen gepiňi azalt! Eger walla, men seni hökman öldürjek!» diýipdir. Onda täjir aýdypdyr: «Biler bolsaň, jyn, meniň ile bergim köp, meniň pulum hem köp, onsoň-da meniň çagalarym bar, aýalym bar, iliň goýan zatlary-da bar. Öýüme baryp gaýtmaga rugsat ber, men her kime bermeli bergimi bereýin, onsoň men ýylyň başynda seniň ýanyňa gaýdyp geleýin. Men özümiň gaýdyp geljegimi Alladan ant içip wada berýän, onsoň sen meni näme edesiň gelse ediber. Meniň saňa şu aýdýanlarymyň dogrulygyna-da Allanyň özi şaýatdyr». Ine, onsoň jyn oňa kasam etdiripdir-de, ony goýberipdir, täjiremöz ýurduna dolanyp baryp, özüniň kime näme bergisi bolsa üzüp, ähli etmeli işlerini edip gutarypdyr. Bu zatlaryň barysy bilen ol öz aýalyny hem çagalaryny habardar edipdir; onsoň wesýetnama ýazdyrypdyr, özi-de maşgalasynyň arasynda ýylyň aýagyna çenli ýaşapdyr-da, ondan soň täret kylyp, özüniň kepen donuny goltugyna gysyp, maşgalasy, goňşulary hem ähli dogan-garyndaşlary bilen hoşlaşyp, göwnemese-de, çykyp ugrapdyr. Yzyndakylar ala-zenzele bolşup aglaşypdyrlar, gygyryşypdyrlar. Emma täjir tä şol jeňňele ýetýänçä gidip oturypdyr, gidip oturypdyr (şol gün bolsa täze ýylyň başy ekeni). Ine, onsoň ol öz başyna düşen ahwalata gynanyp aglap otyrka, birdenkä onuň ýanyna bir garryja goja gelipdir, onuň ýanynda bolsa boýny zynjyrly bir keýijegi bar eken. Ol goja gelip, täjire salam berip, oňa uzak ömür dileg edip, soňundan bolsa: «Bu ýerleri arwahjynlaryň mekany ahyry, näme üçin sen bu taýda ýeke özüň beýdip otyrsyň?» diýip sorapdyr. Onda täjir jyn bilen öz arasynda bolan ahwalaty oňa aýdyp beripdir, ýaňky keýijekli goja muňa haýran galyp: «Üstümde Alla bar, inim, seniň öz wadaňa wepalylygyň, hakykatdan-da, uly hormata mynasyp ekeni, seniň beren gürrüňiňem tüýs haýran galdyrýar, onuň özi gözüň gabagynyň içine iňňe bilen ýazylan bolaýanlygyndada, tälim alýanlar üçin öwüt bolup bilerçe bar!» diýipdir. Ondan soň ol garryja goja täjiriň gapdalynda oturyp aýdypdyr: «Üstümde Alla bar, inim, şol jyn bilen seniň nähili boluşýanyňy görýänçäm, men seniň ýanyňdan aýrylyp gitjek däl!» Ine, onsoň ol onuň ýanynda şol oturyşyna-da oturypdyr, onsoň ikisi gürrüň edişip başlapdyr. Täjiriň ýanynda keýijegiň eýesi otyrka-da, ol uly gaýga batyp, biçak gorkup, ejir çekip oturan ekeni. Birdenkä olaryň ýanyna ýene bir gojaman garry gelipdir, onuň ýanynda bolsa iki sany gara tazysy bar ekeni, ol hem gelip salamlaşypdyr. Amanlyk-saglyk soraşandan soň, ol garry: «Bu ýerler arwah-jynlaryň mekany ahyry, siz bu taýda näme işläp otyrsyňyz?» diýipdir. Oňa hem bolan ahwalaty başdan-aýagyna çenli gürrüň beripdirler. Bu goja oturyp-oturmanka, olaryň ýanynda üçünji bir goja peýda bolupdyr, onuň ýanynda bolsa ala-mula gatyry bar ekeni. Bu goja hem olara salam berip, bu taýda näme üçin oturandyklaryny sorapdyr, oňa-da hemmesini başdanaýagyna çenli aýdyp beripdirler (muny gaýtalap oturmakdan bolsa peýda ýok, eziz agalar), onsoň ol hem aşak oturypdyr. Ine, birdenkä çola meýdanda biçak uly tüweleý turup, onuň tozany al-asmana göterilipmiş, tozan ýatyşansoň, görseler, ol tüweleýiň özi şol gürrüňi edilýän jyn bolup çykypmyş, onuň elinde şol ýalaňaç gylyjy barmyş, gözlerinden bolsa ot syçraýarmyş. Ol jyn aňyrdan gele-gelmäşe, täjiriň elinden çekip süýreýär-de: «Tur ýeriňden, sen meniň ýüregimiň örküni, eziz balamy nädip öldüren bolsaň, menem seni şeýdip öldürjek!» diýip arlaýarmyş. Ine, onsoň täjir horkuldap hem möňňürip aglamaga başlapdyr, onuň ýanyndaky üç gojanyň üçüsi-de horkuldap hem möňňürip aglamaga başlapdyr. Onsoň garrylaryň birinjisi, hälki ýany keýijeklisi beýlekilerden saýlanypdyr-da, jynyň elinden ogşap: «Ähli jyn patyşalarynyň başlarynyň täji sen! Egermen özümiň şujagaz keýigimiň başyna düşen zatlary saňa gürrüň edip bersem, meniň şol hekaýatymy-da sen gyzykly diýip hasap etseň, şonda sen şu täjiriň bir katra ganynyň üçden birini meniň üçin bagyşlap bilermiň?» diýipdir.
6
41
Akram_Beshimov
24 May 2024
👍 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.