bilimlije
23.05.2024 22:53
Bagdat medreseleriniň birinde müderristalyplaryň üşegini,zehini,ylym-bilim derejesini barlap görmek isläpdir.Ol talyplaryny ýanyna çagyryp:"Zeminiň bir künjünde jennet topragy bar, şondan bir gysym alyp geliň diýipdir.Her talyp okan,örwrenen zadyny hatarynda gaýtalapdyr,küti-küti kitaplary dörjelemäge başlapdyr."Ajaýybul- mahkulat we garaýibul-mewjudat" ýaly eserleri hem sahypalap söküpdirler.Jennet topragynyň nirede ýerleşýändiginiň haýsy kitapda ýazylandygyny bilmek üçin ürç edipdirler.Şol günleriň birinde Al Merwezi lakamly bir şägirt müderrisden rugsat alyp Merwe gidendigini talyplar bilip galýar.Olar öz aralarynda pysyrdaşyp " Diýmek, jennet topragy Merwde bolmaly,öňki alymlar Merwi jennetiň nusgasyna ýönelige deňlan daldirler.Şol ýerde bir üýtgeşik zat bardyr ony hem bu ýoldaşymyz bilýändir."Biziň bu zatlary bilmeýşimizi diýsene" diýşipdirler.Birnäçe gün geçenden soň Al Merwezi dolanyp gelip bir gysym topragy Müderrisiň öňünde goýupdyr.
"Tagsyr, ynhasize jennetden bir gysym toprak getirdim" diýipdir.Müderris hiç zat bolmadyk ýaly düwünçegi kabul edipdir weony ähli talybyň öňunde açyp görkezipdir. Üýtgeşiktopragy görmäge höwesek talyplar düwünçegiň daşynda tegelek bolupdyrlar.Görseler adaty bir gum.Talyplar bu wakanyň syryna akyl ýetirip bilmändirler.Müderris ondan "Hany şägirt, munuň jennet topragydygyny ýoldaşlaryna düşündir, ýogsam olar ynam etmeýäne meňzeýär" diýipdir."Tagsyr, Hezreti Pygambermiz, Jennet enelerimiziň aýagynyň aşagyndadyr diýen"beýik mübarek sözleri bar. Men hem obama baryp, Enemiň basan aýagynyň yzyndan bir goşawuç topragy aldym, ine şu hem jennet topragydyr" diýip jogap beripdir.Müderris bu jogapdan hoşal bolupdyr.Beýleki talyplaryň bolsa haýran galmakdan başga çykalgasy bolmandyr. Okan, öwerenen zatlarynyň ýadynda galmandygyna we talap edlýän zadyň asyl hikmetine göz ýetirmän, ony düýdünden başga ýerden gözländiklerine düşünipdirler.
8
40
Karaleva_
26 May 2024
💛👌🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.