lavinya_
23.05.2024 17:57
Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar:

Diriler ölüpdir. Diriler ölýä.

Ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp,

Başga biri bolup inýär bu dünýä.


Beýle bolsa kimkä meniň geçmişim?

Şahyrmykan?

Aşykmykan?

Ýa daýhan?

Ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan

Hem gorkusy üçin çyn söze duşman?


Eger şahyr bolsa, meniň şygrymy

Özüm bolup menden gizlin okýandyr.

Ejiz şygrym üçin saçlaryn ýolup,

Menligine ajy gözýaş dökýändir.


Eger aşyk bolsa, söýmediklerme

Söýýän diýenime ýanyp-bişýändir.

Ol meniň ruhumyň kazysy ýaly,

Öz päkligi bilen maňa duşmandyr.


Eger daýhan bolsa toprakdan alyp,

Oňa bermeýänme tutýandyr için,

Hem onuň bir oňat dilegi bardyr

Topraga bir tohum atarym üçin.


Indi bu ýaşlygam ötüşip barýa,

Etsemim bar bolsa, boldy bir çeni.

Gije-gündiz şahyr, aşyk hem daýhan

Depämden seredip goýmaýar meni.


Dünýede çyn sözüň sarpasyn saklap,

Çyn söz üçin özüm ederin gurban.

Ýazaryn, söýerin, tohum seperin.

Razy bolar

Şahyr,

Aşyk hem Daýhan.

Ölsem, dogry sözüň şol duşmanyny

Inkär eden — meni öper bu ýerim,

Müň ýyl ötüp, ýene döräp, şol şahyr.

Aşyk, daýhan bolup dowam ederin.


Yzyma seretsem, bir giden umman,

Öňüme seretsem, bir giden umman.

Geçmişiň öňünde uly bergim bar.

Geljegiň öňünde uly bergim bar.


Awtor: Gurbannazar Ezizow.
26
49
lavinya_
24 May 2024
💕)
zina
24 May 2024
Soyguli şahyrym😍♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.