alma___
22.05.2024 05:54
LEBIZ 6

Kerimiň dişi goşardan ykjam geçdi.
Ondan gan göründi.
Bu näme etdigiň boldy, Kerim!
diýdi-de, çäýnegini ýerde goýan Ajap ikiýana elewredi. Heý-de, şeýdäýmek bormy?!
Gapynyň açylanyny eşidip,otagdan çykmakçy bolsam, ine, elimiň
şu ýarasyna serederin-de, saklanaryn.
Çykmajak bolaryn.
Kerim şeýle diýdi-de, aşhanadan cykyp gitdi. Ajap bolsa şol bir ýerde
çüýlenen ýaly bolup durdy. «Gutardy.Indi bary gutardy» diýdi-de, gyz öz
ýanyndan pyşyrdabrak aýtdy. «Gapymyz açylsa, ilki-ilkiler çykmajak bolup
jan eder. Soňam ol sol ýagdaý bilen
Öwrenişer gider. Dura-bara-da meni
unudar». Şu pikir kellesine gelende, gyzyň ýüregi nähilidir, birhili, yza tapan
yaly, jigläp gitdi.
Kerim: «Ajabyň mende göwni ýokdup diýip, hasrat çekýärdi. Şonuň ücinem ýedinji otagyň gapysy açylanda,
atylyp çykmag-a beýlede dursun, dürli bahana bilen Sadabyň ýanyna gatna-
masynam bes edipdi. Muňa derek ol öňküsi ýaly ara gün salman, kitaphana. gatnap ugrady. Şol ýerde ýigit Aja-
by-ha däl, bütin dünýänem unudýan yaly bolýardy-da, kitaba berilýärdi.
Şol ýerden yzyna dolanyp, ýedinji otagyň ýanyndan geçmeli bolanda
welin, onuň derdi ýene-de täzelenýärdi. Arzyly gapynyň aňyrsyndaky gyzyň ýigidiň özüçe hasrat çekýändiginden
bolsa onuň habaram ýokdy. Ajabyň özi üçin hasrat çekýändigini bilen ýagdaýynda, Kerim şeýdip, boýnuny sallap,
saralyp-solup ýörmezdi-de, onuň bilen habarlaşmagyň nähilem bolsa, bir tärini gözlärdi. Günleriň,hepdeleriň welin seniň hasratyň bilen işi ýokdy. Olaryň
- gelip-geçip durmakda öz üýtgewsiz kadasy bardy.
Gyzlar şol gün ýene Kerimli meseleden söz açdylar.
- Aý, gyz, Kerim bize gelmesini kesdi-le?!
Şol-a daşda-içde-de görnenok.
Jany beri sagmyka?!
Onuň janynyň sagdygyny, däldigini häzir synaga salyp göräýeris.
Nädip?
- Nädip bor? Oňkülerimiz ýaly gapyny bat bilen açarys welin, eger galmaga mejaly bar bolsa-ha, gapydan çykar.
Rast aýdýaň, çykar.
Açdykmy?
- Açdyk..
Gapy hemişekisi ýaly bat bilen açyldy. Kerim welin otagdan çykmady.
Dogrudanam, ol näsaglan bolaýmasyn. Biz bolsa goňsy bolubam,
ondan habar tutamzok.
«Näsagladymyka ýa-da indi menden ymykly sowaşyp ýördügimikä?>».
Bu wagt Şu sowal Ajabyň aňynda onuň
yüreginiň urgusy bilen deň gaýtalanýardy. Birdenem gyz ony näsaglan
yagdaýynda göz öňüne getirdi. Hyýalynda el-aýak bolup, oňa hyzmat
etdi. Kerim bolsa hemişekisi ýaly, ona
utanyp-çekinip garaýardy hem-de pyşyrdap, oňa nämedir bir zatlar diýýärdi.
Birdenem gyzyň bu göz öňüne getiren
wakasynyň ornuny başga waka eýeläp aldy. Ajap halyny soramak üçin Kerimin otagyna barýar. Ol bolsa gyza buz ýaly
nazaryny aýlaýar-da, oňa geldiňmem diýmeýär.
Ajap gyzlaryň Kerim hakda näme diýip, näme goýandyklaryna-da üns
bermän, tarsa yerinden turdy. Ol şu wagt, birhili, öňküsinden dogumlanan, çuslanan ýalydy. Ajap gyzlaryñ arasyndan geçdi-de, gapydan çykdy.
Soňam dokuzynjy otagyň gapysyna tarap ädimläp ugrady. Gapynyň öňüne barybam, aýak çekdi. Elini gapynyň tutawajyna ýetirdi. Indi ony diňe òzüňe tarap çekäýmek galypdy. Ine,
şu ýerde welin, gyz özünde nähilidir bir ysgynsyzlyga çalym edýän gowuş-
gynsyzlygy duýdy. «Meniň şu etjek bolýan işim rastmyka?». Gyz şeýle
diyip, içini gepletdi-de, soňam öz sowalyna özi jogap berdi: «Bagtyň üçin
göreşmek aýyp däl bolsa gerek». Su sòz Ajaba kuwwat beren ýaly boldy.
Ol aýgyt etdi-de, gapyny bir-iki gezek kakdy-da, soň özüne tarap çekdi.
Ajaba gözi düşen Kerim añňa ýerinden galdy.
Bu ýagdaý Kerim ücin
«Omür saña şugla saçman» diýen Günü lemmer-lemmer bulutlary arasyndan lowurdap çykyp, ońa ýylgyryp bakyşy ýaly bir zat boldy.
. Kerim gyza tarap yôrejeginem ýa-da
bolmasa, şol bir duran ýerinde durjagynam bilmän, alasarmyk ýagdaýda galdy. Yigidiň sähel wagtda sülleren ýüzüne gözi düşen Ajap oňa nämedir bir zatlar diýmekçi boldy. Ýöne sözüň şu bollugynda ýekeje sözem
onuň diline gelmedi. Oňa derek Ajap gyz näzikligi, gyz gözelligi,gyz mähremligi bilen enaýy ýylgyrdy. Kerim şol mährem ýylgyryşdan:
«Gapymyz açylsa, hemişekiň ýaly cykyber. Men muny gaýdyp, hiç ha-
çan saña gadagan etmerin» diyen manyny okady. Yigit ýüregi ynjalay
bagtyýar ýylgyrdy-da, gyza
adimläp ugrady.
soñy
25
87
alma___
22 May 2024
Haladyñyzmy ?!
ayymsha
22 May 2024
👍👍👍
alma___
22 May 2024
Awtor Ogyltuwak Garýagdyýewa . hekaýa gyshaldylyp alyndy.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.