Karaleva_
21.05.2024 14:13
Niderlandlaryň hökümeti häzirki wagtda Fransiýada hususy kolleksiýada saklanýan niderlandly suratkeş Rembrandt wan Reýniň (1606-1669) “Baýdak göteriji” suratyny satyn almak üçin 150 million ýewro bermäge taýyn. Bu barada niderlandly habar beriş serişdelerine salgylanyp, TASS habar berdi.

Habar berilmegine görä, surat Rotşildleriň maşgalasyna degişli bolup, olar bu sungat eserini ýakyn wagtda satmagy maksat edinýärler. Fransuz hökümeti ony satyn almak meýilnamalaryndan ýüz öwürdi we eksport ygtyýarnamasyny bermek meýlini mälim etdi. Niderlandlaryň Döwlet muzeýi bolsa öz gezeginde suraty almak üçin mümkin bolan ähli zady etmek isleýändigini aýtdy, ýöne şol bir wagtyň özünde zerur serişdeleriň ýoklugyna ünsi çekdi.

2019-njy ýylda Rembrandtyň hususy eýeçilikdäki iň möhüm eseri hasaplanýan "Baýdak göteriji" suraty Niderlandlarda sergä çykaryldy. Şol wagt onuň bahasy 165 million ýewro barabardy.

Eger-de satyn almak başa barsa, surat ilki bilen ýurduň 11 welaýatyna aýlap görkeziler. Şondan soň surat Niderlandlaryň Milli muzeýiniň Şöhrat zalynda ýerleşdirile

tmcars.
40
42
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.