alma___
21.05.2024 13:14
LEBIZ 5

«Näme-de bolsa, dymyp durandan-a yagsyrak» diýdi-de, Ajap içini
gepletdi.
Size nähili reňkdäki sapak gerek?
–Haýsy reňkde bolsa-da, tapawudy ýok. Sapak bolsa bolýa.
Gyz ýigidiň bu sözüne myssa ýylgyrdy.
Men köýnek çatjak bolamok-la. Ynha, penjegimiň ilikleri gaçdy-da..
Gyz ýigidiň penjegine emaý bilen göz aýlady. Onuň penjeginiň ýakasynda ýekeje iligem görnenokdy. Ajap ýylgyrmakdan zordan saklandy.
Siz şu penjegiň iliklerini birki gün mundan ozal, şu ýerde oturyp, Sadaba çatdyran ýalydyňyz-a?! Eýyämem olar üzüläýdimi?!
-Ajap!..
-Kerim, men sizden bir zat haýys etmekçi. Gapymyz açylanda, otagyňyzdan atylyp çykmaň. Men gyzlaryň üstümden gülüp ýõrmeklerini islämok.
Cykman..
Gyzlar okuw bilen başagaý ýaly bolup ýörselerem, aram-aram elleri
boşaşdygy, gapyly meseleden söz
açýardylar. Olar şol günem gapynyń öñüne toparlanysyp bardylar-da, «synag» geçirmäge taýýar bolup durdular.
«Çykmaz» diýip, bu wagt Ajap içini gepledýärdi. «Bu böwrejikleri böküp
duranjalar Kerimiň şu gezegem gapydan atylyp çykanyny görüp, gülüp, hezil etjekdirler welin, diýenleri bolmaz».
Gapy bat bilen acyldy. Sobada-da gyzlar «çykdy-da, çykdy» bolşup gülüşdiler.
Ajap bu gün Kerimden şeýle zada garaşmandy. Şonuň üçinem ol birbada gapynyň öňüni tutup duran gyzlary eýläk-beýläk itişdirägede, çykyp gidibererli, ýedinji otaga baryp òz otaglaryna umytly garap duran Kerimiñ ýanyna baryp.
«Şumy seniň söz berip, sòzüňde durşuň?» diýerli göründi. Edil.şeýtmegem
özi üçin gelşiksizräk hasap etdimi, nämemi, özüni krowada goýberdi-de
ýüzüni ýassyga berdi.
Şol gün Ajap okuwdan geldi-de çaý oturtmak üçin, aşhana tarap ugrady. Gaz pejiniň gözleriniň bolsa birem boş däldi. Birinde nahar bişýärdi, beýlekisinde çaý oturdylypdy. Ajap çaýynyň gaýnaryna garaşyp duran oglana ýüzlendi-de:
Çaýyň gaýnansoň, kyn gömede, meniň çäýnegimi otda oturtsana
diýdi-de, «kyp gitdi. Aradan salym geçmänká-de, ýañky oglanyň gapynyň aňyrsyndan:
Ajap, çaýym-a gaýnady. Kitiriňem otda özüň oturdarsyň-da-diýen
sesi eşidildi.
«Suwly kitiri alagada, otda oturtmak şeýle bir kyn zatmyka?» diýdide, Ajap òz ýanyndan ýumuş buýrulan oglana käyindi. Soňam aşhana tarap ugrady.
Ajabyň gapydan girenem şoldy welin, mydama açyk durýan gapy birden şarka ýapyldy. Bu ýagdaý gyz
üçin geň göründi. Ol ýalt etdi-de, gapa tarap seretdi. Gapyny ýapyp, oňa ýaplanyp duranyň Kerimdigini görübem añk-taňk boldy. Öz kitriniň Ajapsyzam otda oturdylandygyny, indem onuň gaýnajak-gaýnajak bolup durandygyny görübem, has aljyrady. «Yigidiň çäýnegimi otda oturdybam, «Özüň bar-da
oturt» diýmesi nämekä? Ya-da muny
. Kerim gurap ýörmükä?», Ajap gaýnan çaýnegini aldy-da, çalt-çalt ädimläp
- gapa tarap ugrady. Gapa yetmänem,aýak çekdi.
- Bu näme etdigiňiz boldy, Kerim?! Hany, aýrylyň gapyň öňünden!
Kerimiň bolup durşy welin, gapynyň öňünden aýrylarly däldi.
Ajap!.. Diňläň meni!..
Goýberiň meni! Söz berip, sözünde durmaýan adam bilen güleşmegem islämok.
Näm-e-e?! O menmi söz berip,sözünde durmadyk?!
Hawa.
–Düşnükliräk edip aýtsana, Ajap.Men...
«Gapymyz açylanda, otagyňyzdan atylyp çykmaň» diýenimde: «Bol-
ýar, çykman»> diýen sen däl-de, eýsem, başga kimmişin?!
Ýigit ýazykly ýaly boýnuny burdy. Yöne gapynyň öňünden aýrylmady. Kerimiň göwnüne şeýtse, bagt guşy onuň elinden hemişelik uçup gidäyjek ýalydy.
Gapyňyz açylsa, şu günden
şeýläk çykmajagyma söz berýän. Siz maňa ýene bir gezek ynanyň.
Gyz kejirlik etdi:
-Ynanamok.
Ine, şu ýerde-de gyzyň näzik ýüregini gyýym-gyýym eden bir ýagdaý yüze çykdy. Ýigit sen ýok, men ýok,
ap-ak köýneginiň ýeňini goşaryndan
ýokarrak çekdi-de, oňa agzyny ýetirdi.

dowamy bar
25
92
bitanem
22 May 2024
Salam gaty gowy hekaýa eken
alma___
21 May 2024
Nesip bolsa ertir
ayymsha
21 May 2024
Dowamy haçan
ayymsha
21 May 2024
👍❤
zina
21 May 2024
💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.