Düýnki çaýy içmek peýdalymy?
Çaý içmek, ýadawlygyňy çykarmak üçin iň gowy dermandyr.Çaý söýýänleriň köpüsi özüniň gowy görýän çaýyny içmek isläp, käbir sebäplere görä çaýyny ýatdan çykaryp biler.Indi köpimiziň berjek soragymyz, içilmedik çaý zyňmak üçin gymmatly, ýöne ony sowansoň içip bolarmy? Hämmämiz eşidendiris, käbirleri sowan çaýy içmek zyýanly diýýär, bu hakykatdanam dogyrymy?
Siziň soraglaryňyza gysgaça aýdanymyzda- düýnki sowan(galan) çaýy içmek zyýanlydyr,bu uly kynçylyklara sebäp bolup biler.Şeýlelik-de uzak wagt duran çaýy içmekden saklanyň!
Geliň bu meselä içgin durup geçeliň;
Çaý dünýäsine has çuňňur çümmek isleseňiz we gözlegde bolsaňyz, gollanma hökmünde Hormatly Arkadagymyzyň “Çaý melhem hem ylham” atly kitabyndan has giňişleýin okamagyňyzy maslahat berýärin.
Adatça, düýnki galan çaýy içmekden saklanmaly.Bu bakteriýalaryň we galyndylaryň döremegine sebäp bolup biler
Çaý barada gyzykly faktlar:
- Eger çaýy birnäçe sagatdan köp goýsaňyz çaýyňyz okislener onuň düzümindäki tea polifenol(çaý polifenol)atly madda okislenýär;
- Çaý gaty uzak wagt duranda düzümindäki witaminler (C, E) ýitýär;- Çaý tagamyny ýitirer we düzümindäki beloklar bakteriýalary toplap başlar;
- Çaýy ýyly bolanda içiň! Adatça gyzgyn çaý içmek bokurdagymyza we agzymyza zeper ýetirýär;
- Çaý ýapraklaryny çaý suwuklygyndan aýyryň, ondaky ýapraklar aşagazanmyza zyýanlydyr;
Çaýyň okislenendigini nädip bilmeli?
Ony reňkine seredip, aňsatlyk bilen görüp bilersiňiz. Çaý reňkini has ýeňil üýtgedýär, açyk sary ýa-da ýaşyl reňkden suwuk goňur we goýy gyzyl-goňur reňke öwrülýär.
Mikroorganizmleriň täsiri; Çaý diňe bir okislenmekden başga onda, bakteriýalar galyndylar peýda bolup başlaýar;
Bakteriýalaryň we galyndylaryň emele gelmegi üçin azyndan 24sagatdan 48 sagada çenli wagt gerek bolar.Çaýyň tagamyny dadyp görmeli, onda tagam ýok bolsa çaýyňyzy taşlaň!
- Sowuk çaýy alternatiw ulanmak üçin gyzykly maslahatlary size hödürläp bileris:
· Çaýda köpsanly ýokumly maddalar bar we olar ösümlikler üçin goşmaça iýmit bolup biler (sowadylan ýagdaýda guýmak maslahat berilýär).
· Gazanyň aşagyndaky ýanan tüwini arassalamak üçin.
Şeýlelik-de gaty uzak wagtlap duran çaýy içmekden saklanmak iň gowysydyr.