alma___
21.05.2024 08:18
LEBIZ 4

Seniň baý fantaziýań bar,
Sadap.şu ukybyň bilen edebi dòredijilige baş goşman yörendigiňe men haýran
Haýran galyp oturma, boýdasjan! Muňa-da bir gun baş goşsam
goşup oturybererin. Hazirem yazaýyn
diýsem, tema bar. Yigidiň sen sebäpli elini ýakyp, jižžik edişi..
Sadap, gel, indi şu gürrüňi goýaly-da, okuwymyzy okaýaly!
-«Okaly» diýseň, okaýarys.
Ajabyň gözi kitapda bolsa-da, pikiri Kerimiň töwereginde köwlenýärdi.
Sebäbi Ajap jorasynyň Kerimiň özüne üýtgeşik garaýşy baradaky aýdýanlaryny dilinde ret edýänem bolsa, ýüregi
şol garaýşyň manysyny Sadapdan has
öň duýup ýetişipdi. Oňa edil Kerimiň garaýsy ýaly däl-de, şoňa meňzeşräk
garaýyş bilen garaýanlar başga-da ýok däldi. Yöne munuň üçin Ajabyň
ýüregi özüniň urgusyny bir gezegem üýtgetmändi. Bu gezek welin, ýigidiň
şol bakysyndan özüniň süňňüniň bo-
gun-bogun sökülýän ýaly bolýandygyny duýupdy. Ýöne Ajap häzir muny jorasynyň ýanynda boýun alyp biljek
däldi. Ony şeýtmekden gyz ejaby saklayardy.
Kerim bolsa indi ara gün salman,ýedinji otaga gatnaýardy. Ol gapydan birde iňňe sorap barsa, birde sapak sorap barýardy. Juda barmaga bahana tapmadyk günem özünde bar bolan kitaplaram «okajak» diýip,
Sadapdan alyp gidýärdi. Ýöne Kerim entek bir gezegem Ajaba habar
gatyp görmändi. Habar gatmaýanam bolsa, Ajap hereketlerinden onuň
ýüregindäkini gyz maşgalanyň duýgurlygy bilen okap bilýärdi. Ýöne,
näme üçindir, Sadapdan özgesi muny duýýandyram öýtmeýärdi. Şonuň
üçinem şol günki bolan waka Ajaby añk-taňk edipdi.
A-ýu, gyzlar, eşider bolsaňyz,
men ullakan bir açys etdim.
Arzynyň duýdansyz aýdan bu sözi gyzlary haýran galdyrdy. Olar: «Ol nä-
hili acys-da, o nähili açyş?» boluşdylar.
Siz otagdan çykjak bolup gapyny açanyňyzda, nähili üýtgeşiklik görýärsiňiz?
Gyzlar Arzynyň näme diýmekçi bolýandygyna düşünmedilermi, nåmemi eginlerini gysdylar-da, bir-birine soragly nazaryny dikdiler.
Bilmeýän bolsaňyz, onda gulak
asyň!diýdi-de, Arzy sözüni dowam etdi. Her gezek otagdan cykmak
üçin gapyny açýasam welin, Kerim Ajap çykandyr öýdüp, dokuzynjy otagdan atylyp çykýar. Ynanmasaňyz, häzir
gapyny açyň-da göräýiň!
- Häzir gapyny açsak, olam çykmasa...
-Çykar.
Sülgün ýerinden galdy-da, hemmeden öň gapa tarap ugrady. Ol elini
tutawaja ýetirdi-de, gapyny bat bilen açyp goýberdi. Şobada-da ol haýran
galmakdan ýaňa, duran ýerinde misli
doňup galana döndi.
Hä, nätdi? Çykdy gerek?! diýdi-de, Arzy ellerini çarpyp güldi.
Şol gün gapyly gürrüň gyzlara iş boldy.
- Sen ony halaýarmyň?
, Ajap bilen ikiçäk galanda, Sadap soragly nazaryny jorasyna dikdi.
Ýadyňdamy, okuwa gelenimizde ikimiz: «Tå okuwymyzy gutarýançak,
ýigidiň ýüzüne seretmeris» diýip, şert edipdik.
Şert-å edipdik-le. Ýöne...
«Ýönäň» näme, gyz?!
-Ýönämmi?! Özüm-ä şunuň ýaly akylly-başly ýigit duşsa...
«Şertim-şahyma» edäýerdim»
diýjek bolýarmyň? Onsoňam onuň akylly-başlydygyny sen nireden bilip ýörsüň?
Men jan ýaly joramy halaýan jigidiň nähili adamdygyny bilmesem bolmaz-a.
Sadap bilen Ajabyň arasynda bolan
şol gürrürňden soň, üç-dört gün geçipdi. Gyzlar bazarlamaga gidipdiler-de,
Ajabam olar gelýänçä, garbanar ýaly
bir zat taýýarlamalydy. Onuň gerek zatlaryny alyp, aşhana tarap ugramakçy
bolanam şoldy welin, gapy kakyldy.
Giriberiň!
Ajabyň şeýle diýmegi bilen gapy
açyldy-da, bosagada Kerim peýda boldy. Ajap haçanam bolsa bir gün şeýle boljakdygyny aňýardy. Indem Sadabyň
«asylly-başly» diýip häsiýetnama beren
ýigidiniň ilkinji gezek aýtjak-diýjek sözlerine garaşýardy. Ýöne Sadap bilen düşünişmeli bolanda, iki paý berlen ýaly bolup görünýän ýigit, näme üçindir, bu wagt dil ýarman, ýere seredip dymyp
durdy. Bu dymyslygyň näçe wagta çekjekdigem Ajap üçin mälim däldi. Gyzyň dagy alaç tapman, ilki dillenmeli bolan-
dygam şonuň üçindi.
Size Sadap gerekmidi? Ol häzir...
- Ajap... Iňňe bilen sapagyňyz ýokmudy?

dowamy bar
21
71
ayymsha
21 May 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.