Adam ömrüniň dowamlylygy
Atasy agtygy bilen gezelenç edip ýörkäler agtygy atasyndan sorady. Ata adam ömrüniň dowamlylygy näçe wagt?
Atasy adam ömrüniň dowamlylygy namazsyz azan,azansyz namaz aralygydyr diýip jogap berýär. Agtygy bu jogaba geň galyp has giňişleýin düşündirmegini atasyndan soraýar.Atasy sözini şeýle dowam edýär.
Namazsyz azan diýildigi haçan-da adam dünýä gelende onuň sag gulagyna azan aýdylýar ýöne soň namaz okalmaýar.
Azansyz namaz diýildigi haçan-da adam dünýeden gidende jynaza namazy okalýar onuň azany ýok ol namazyň azany ol adam dünýä gelende sag gulagyna aýdylypdy.
Ynha oglum Adam ömri şolar ýaly gysga
Wagtyňy peýdaly zatlara sarp et Gowy zatlary özüňe endik edinmäge çalyş
Her bir etjek zadyňy oýlanyp pikirlenip et