Jigimi köp gezek öldürdim. 4-nji bölüm(Bolmadyk waka)
...Şolwagtam daş-töwerekde birzadyň aýlanyp ýörenini eşitdim. Adam bolsa nä gowyzat. Wii ýokhow adambir bolmasyn. Sebäbi bu jelegaýda normal adam gezmez. Manýakmydyr dälimidir. Daňylgydygymy bilip bulam meň bilen islänzadyny etse?! Huf ýok. Nämede bolsa bir it eken. Ysyrganyp aýlanypýör. Diýmek bu ýabany bolsaha möjekden kem ýeri ýokdur. Meni öldürip iýer, eldeki bolsa hem bu ýerlere aýlanmaga gelmez. Ine meňki ýene gutardy. Men bildirmän, gymyldaman, sesimi çykarman ýatdym. Ol janawer aýlanyp-aýlanyp ahyry gitdi. Siz "Çagyraýmaly ekeniň, ýüpüňi çeýnäp boşadardy" diýersiňiz. Ýok bu kinodäl. Beýle etmek üçin ilki ite okuw geçmeli. Öwredilmedik it, gaýtam tersine howply bolup biler. Sagat agşam 23:00 töweregi bolandyr. Ukymam gelýär. Aç-garnymam "Maňa birzat okla ýogsa seni oýararyn" diýip dazzarylýar. Beýni "Ýatsaňam ýatarsyň ýatmasaňam" diýip çürt-kesik etdi. Uklapdyryn. Ukyda wagtyň hem her-ýerlerik gerinesiň gelýär ahyry. Muny bedenim edip bilmeýäninede oýanýar. Agşam sagadyň näçeligini bilemok oýandym. Biraz wagt ýatanymdan soň, hälki ýorgandaky deşigi deşmeli we ýüpi kesmeli diýen netijä geldim. Howwa näme bilen kesmeli. Elbetde ýanymda pyçak götermerinä. Çilim çekäýmeli eken diýdirdi, ýanymda zažigalkaha götererdim. Ýöne "SURPRIZZZZ" doganym jübimdäki ähli zatlarymy alypdyr. Hatda teňňäni hem. Şeýlelikde bede-ýüpi näme bilen kesendirin öýdýäňiz?! Jynsymyň iligi bilen. Howwa. Ilik gaty bijaý kütek. Ýöne dyrnagyňy zaýalanyňdana gowy. Jynsymyň iligini bu dar ýorganyň içinde zordan gopardym. Iligi şu kütek ilik bilen kesmäge başladym. Içimden köp bolsa 10 minut diýip hasapladym. Hasabymda bir ýüpi 3 sagat kesendirin. Ol bolmaşyna elimiň bar ysgyny gitdi, barmagymyň süňkleri gaňrylmakdan ýaňa, etjigi bolsa ýenjilmekden ýaňa agyryp öldürip barýar. Siz "Ondada wakany begenip şatlanyp, gülüp-güldürip aýdýaňla" diýersiňiz. Birinjidenä "Başgalara agyryly ýeriňi görkezme, görkezseň şol ýeriňe beter basarlar" diýilen jümle bar. Ikinjiden hem bu içi-ýananyň gülküsi. Hä wi howwa ýüp. Ýaňy daň agaryp başlanynda wuala. Ýüpi ahyry kesdim. Ýüpi kesenime begenjimiň çägi ýok. Bäbegiň, iki mämä ýeteniýaly begenýänä. Ahyry boşanjak. Ýüpi aýyranymdan bi elim gowja boşandy. Ýorgandaky ýaňky deşigi ýene hasda beter giňeltmeli. Indi aňsatlaşdy. Ýorgany çümmükläp-çümmükläp ýyrtyp aaaaahyry boşandym. Gowy edip endamymy ýazdym. Çynym. Begenjimden garaňkylykda hiçkime bildirmän agladym. Ol eşek-ary doganym birýerlerde bukulup oturandyr diýibem ýaşlarymy bildirmän süpürişdirip, ýarag gözlemäge başladym. Ýarag diýip pistolet ýa awtomat kalaşnikowdäl, bolmanda bir demir turba, ýa pilsapýaly agaç. Doganymy tapanymdan ýelmärýaly. Ýa hälki şagal-güjük. Bir goşarymýaly agaçy tapyp aldym. Indi şol haýwanlar nämede gorkar. Gyzyl-gülden gorkarlar. Wah Şirhan, sen nämeden ölerýaly gorkýadyň. Dogry. Ot-alowdan. Ýöne wah ýene zažigalka ýok. Aý näme ýatan-ýerim harabalyk bolup, bu ýeri ýumrulan jaýlar ahyry. Mündüm bir stena. Şagal-möjekler çelawek-paukdäl stena dyrmaşarýaly. Ýatamda togalanmaýanymam bir gowy zat. Hezil edip agşamy ukuda geçirdim. Ir-säher guşlaryň jürküldisi oýardy.
4-nji bölümiň soňy.
Bellik: Şu eseri, awtordan birugsat paýlaşmak gadagan edilýär.
Awtory: IDEALLIDER.