Giýew näme köreken näme
Türkmençilikde köp adamlar giýew bilen körekeniň tapawudyny bilenok.Hat-da uly adamar hem han-ha körekenim diýip ýörler.
Dogrysy giýew bir köreken başga bir zat.
Giýew-bu gyzyňy durmuşa çykaraňdan soň baran ýerinde onuň adamsy öz çagalary bilen sagamanja gowy ýaşaşyp ýörseler maşgalasyny hiçhili hor saklaman ekleýän bolso ondo oňa Türkmen aga giýew diýýär.
Köreken-bu gyzyny durmuşa çykarandan soň bir bihepbe özünden bolan çagalaryny aýalyny kösäp ekläp bilmese işsiz gezip ýörse bu zatlara gyzyň kakasy dözmän öz öýüne göçürip getiren bolso adamsynyň ýerine gyzyň kakasy ekläp saklasa ondo oňa köreken diýilýär.Türkmençilikde köreken halanmaýar. Şeýleräk bir söz bar.
Körekeniňi alamana ugrat ölüp gelse-de peýdaň alyp gelse-de. Eger ölüp gelse gaýyny bir bihepbedenä dyndyk diýip begenjekdä gyzynyň ýoldaşy boldygy däl Çagalarynyň kakasy boldygyda däl ahyry.
Bir gezek Keýmir Serdar bilen Ilbars hanyň arasynda sorag-jogap bolýar. Şondo Ilbars han şeýle sorag berýär.Erkegiň iň ýaramazy haýsy?
Keýmir Serdar şeýle jogap berýär.
Öýli-işikli bolansoň çagalaryny ekläp bilmän maşgalasyny kösäp ýören erkek erkegiň iň ýaramazydyr.