Körpeje Opal dünýäni eşidip başlady: Angliýada ilkinji gezek 18 aýlyk gyzjagazyñ kerligini bejerdiler.
Beýik Britaniýaly 18 aýlyk Opal Sendi dünýäde gen terapiýasy arkaly eşidişi dikeldilen ilkinji çaga boldy. Kembrij uniwersitetiniñ web sahypasynda bu gyz OTOF genindäki kemçilik sebäpli genetiki taýdan ker doguldy, ýöne indi 16 minutlyk operasiýadan soñ ol gaty gowy eşidip başlady diýip habar berilýär.
Addenbruk keselhanasynda geçirilen bu operasiýa Chord atly täzeçil gözlegiñ bir bölegidir. Amal wagtynda Opala OTOF geniniñ iş nusgasy goýberildi, bu ses signallaryny gulakdan beýnä geçirmek üçin zerur belok öndürilmegini dikeltmeli. Regeneron taslamasynyñ hirurgy we esasy gözlegçisi professor Manohar Banse bejerginiñ netijeleriniñ garaşylandan has ýokary bolandygyny aýtdy. Alymyñ sözlerine görä, Opal indi adaty gepleşiklere üns berýär we deprek çalmagy gowy göryär. Opalyñ üstünligi beýleki genetiki taýdan ker çagalary hem bejerip boljakdygyna umyt döredýär. Ýakyn wagtda Chord gözlegine Angliýadan, Ispaniýadan we ABŞ-dan hem çagalar goşular. Oña jemi 18 çaga gatnaşar. Opal kerligi bejermek üçin gen bejergisini alan ýeke täk çaga däl. Ýakynda ikinji çaga hem şuña meñzeş operasiýa edildi we onyñam netijesi oñyn boldy. Chord gözlegi üç bölekden ybarat. Birinji tapgyrda Opal bilen birlikde ýene iki çaganyñ bir gulagyna geniñ pes dozasy goýberilýär. Soñra başga üç çaganyñ bir gulagyna ýokary doza goýberilýär. Bejerginiñ howpsuzdygy tassyk bolsa, galan çagalar iki gulagyna hem gen bejergisini alarlar.
Opal - dünyäde şeýle bejergini alan ilkinji we iñ ýaş hassadyr.
Çeşme: tmcars.info (şu gün 15:27)