stella_🖤
20.05.2024 17:17
Birwagt şowsuz bolup, häzirki wagtda üstülik gazanan 26 sany meşhur şahsyýetler.

1 Winston Çerçil

Winston Çerçili 6-nji synpdan 7-nji synpa geçirmändirler. Wagtyň geçmegi bilen syýasata höwäsi dörän Çerçil, dürli derejelerde sysatçy bolmak isläpdir, emma ony hiç bir edara işe almandyr. 62 ýaşyna girende Winston Çerçil Britaniýa premýer ministiri bolýar.

2 Tomas Edison

Tomas Edisonyň mugallymy oňa hiç zat öwrenip bilmejegini hem-de onuň akylsyzdygyny aýtýar. Mundan başga-da Tomas Edison elektrik çyrasyny oýlap tapmazdan ozal 1000 gezek şowsuzlyga uçraýar.

3 Harland Deýwid Sanders

Deýwid sanders KFC-niň esasy nyşanydyr. Bir wagtlar onuň towuklaryny hiç kim almak islemändir, ähli restoranlar oňa red edýär. Emma soňra bir restoran eýesi razy bolýar, şeýlelikde, onuň kitirdewik towuk aýajyklary bütin dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolýar.

4 R.H. Meýsi

Meýsi New-yorkda şowsuzja kärhanasy bardy. Emma ol işini dowam etdirýär we ahyrynda "Macy's" atly iň uly dükan açýar.

5 Stiwin spilberg

Stiwin spilberg öz arzuw edýän Günorta kaliforniýa uniwesitetinden üç gezek ýykylýar. Bilimini başga ýerde dowam etdirmek isleýär, emma wagtyň geçmegi bilen okuwy taşlap, režissýor bolmak kararyna gelýär.
32
74
stella_🖤
20 May 2024
@gonk, ertir
gonk
20 May 2024
Yzy nirede
stella_🖤
20 May 2024
@gulia_maksatmyradowna, oýun edýän ýazjak däl apa😅😅
gulia_maksatmyradowna
20 May 2024
@stella_🖤, ýokgyz meni öwrenmelä rezil rüswa etjek bolma🤦‍♀️😄ýazmaweri dogan
stella_🖤
20 May 2024
@gulia_maksatmyradowna, söz berýän indiki sapar senem ýazjak hökman gör😉
gulia_maksatmyradowna
20 May 2024
@stella_🖤, aý borla onda 😁
stella_🖤
20 May 2024
@gulia_maksatmyradowna, özüň hakynda gysgaçyk maglumat aýt ýazaýyn😁
gulia_maksatmyradowna
20 May 2024
@stella_🖤, yhm yhm 😎 ýaz)
stella_🖤
20 May 2024
@gulia_maksatmyradowna, part 2 senem uly şahsyýet diýip ýazaýynmy😁
gulia_maksatmyradowna
20 May 2024
🤓
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.