Tayler
20.05.2024 17:13
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly Eýranyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Heläkçilikli hadysa 19-njy maýda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçdi.
Mehr agentliginiň habar bermegine görä, Ebrahim Raisi, DIM-niň ýolbaşçysy Hoseýn Amir Abdollahian we Azerbaýjana sapar bilen baran wekiliýetiň beýleki agzalary yzyna dolanyp gelýän wagtlary ýurduň demirgazyk-günbatarynda daglyk ýerlerde dikuçar heläkçiligine uçrapdyrlar.
Ýurduň Prezidentinden we DIM-niň ýolbaşçysyndan başga-da, şol dikuçarda Tebriziň ymamy Mohammad Ali al-Haşem, Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň ýolbaşçysy Malek Rahmati, uçaryň ekipažy we bir sany goragçy bar eken.
Maglumaty Eýranyň wise-prezidenti Mohsen Mansuri tassyklady.
Reuters agentliginiň ýazmagyna görä, Raisi aradan çykandan soň Eýranyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýurduň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber ýerine ýetirer. Ol Parlamentiň ýolbaşçysy we Eýranyň kazyýet häkimiýetiniň ýolbaşçysy bilen bilelikde täze prezident saýlawlaryny geçirjek geňeşiň düzümine girdi. Nobatdan daşary saýlawlar Raisi aradan çykandan soňky 50 günüň içinde geçiriler


Tmcars
25
127
Tayler
28 May 2024
@elifnur, salam, gowmy sen
Karaleva_
20 May 2024
wahey gynandym
gulia_maksatmyradowna
20 May 2024
Yzy ýarasyn:'(
Tayler
20 May 2024
@Emirhan_, bilmedim🤷🏻
Emirhan_
20 May 2024
yorite gurnag bolup bilermi?🤔
manolya
20 May 2024
Waheý :(
gokgi
20 May 2024
Gynandym😔 ALLA merhemet etsin, ýatan ýeri ýagty bolsun.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.