https://owrenmeli.app/68520-kr.html#comment
manolya
20.05.2024 13:31
Şükür
Şükür ,boş umyda göwün bermedim,
Duýgularyň öçjekdigni duýupdym,
Bu gün men hakdaky pikirem, göwnüň,
Undulan ýerinde bukup goýupsyň.
Bilýän ýatlamak kyn, ýatlatmak has kyn,
Boýny ýogyn yşkyň talaby başga,
Her niçik ynsana öz kalby ýakyn.
Maksat bir ,her kimiň kelebi başga.
Seret uzakalara ynamly bakyp,
Geçdim gitdim aglap elim sermeden,
Diş çarhlan göripleň içini ýakyp,
Bilim guşap, ýeňlerimi çermedim.
Az zady ýitirdim ,köp zady tapdym,
Seniň gözleň bilen asmana bakdym,
Özümi gördüm .Agraldy derdim,
Saňa sataşmankam bir gara ýerdim.
İndi men asmanda ,didäňde nurum,
Bu görnüşe garap , aňk bolup durun.
Beýle bagt , başymy aýlardy ynan.
Maňa ýetmeýän zat azajyk ynam !
Gülşirin Hanowa
27
51