alma___
20.05.2024 09:39
Lebiz 3

-Yigidiň başyny-gözüni gürlemānem aýlap bolýan ekeni. Men şu gün
muňa göz ýetirdim.
Indi şu gürrüňi bes edäýeli-dä,Sadap.
«Bes edeli» diýseň, bes edäýmeli bor. Wah, maña-da irde-giçde şeýdip,ank bolup galan tapylmazmyka?
Tapylar diýdi-de, bu gezek
Ajap gülki gatyşykly gürledi. Özüň ýaly sakyrdap ýörenleriň biriniň gözi
hökman sende-de eglener.
Ýüregi kir-kimirsiz Sadap jorasynyň bu sözüne hezil edip güldi.
Bu wagt Kerim sähel wagt mundan ozal, aşhanada bolup geçen wakanyň
täsirinden çykyp bilmän otyrdy. Ol bu wagt çaýly meselänem, kitaphana hemişeki gitmeli wagtynyň bolandygynam
unudan ýalydy. «Eger men şu gün aşhana barmadyk bolsam, nähili bordy?»
diýip, Kerim içini gepledýärdi. «Onda
men bu gyzy hiç wagt şeýle ýakyndan görübem, synlabam bilmezdim. Asla,
ol bardyram öýtmezdim-de, okuwym
bilen bolar ýörerdim. Eger Taňrym meni şu gün onuň bilen dusşuran bolsa,
belki, ol meniň geljekki ykbalymdyr.
Indi men ony haçan görüp bilerkäm? »,
Birdenem aşhanadan alyp gaýdan tutajy onuň ýadyna düşdi. Kerim tarsa
( ýerinden turdy-da, stoluň üstünde ýatan tutajy garbap aldy. Soňam gapa tarap ugrady. Onuň yedinji otagyň gapysyny tarkyldadanam şoldy welin, içerden Sadabyň: «Giriberiň» diýen tanys sesi eşidildi. Kerim şu gapydan Ajap sebäpli
gelenem bolsa, oňa tarap garamaga milt edip bilmedi. OI Sadaba ýüzlendi.
- Tutajyňyzy getirdim. Taňry ýalkasyn!
- Bile ýalkasyn!
Kerim şu günlükçe mundan artyk gepem tapyp biljek däldi. Şonuň üçin
ol: «Sag oturyň!» diýdi-de, gapa tarap ugrady.
-Duruň entek, gitmäň!
Bu sözi eşiden Kerim sakga aýak çekdi.
- Unaş paýyňyzy alyp gidiň ahyryn!
Sadap şeyle diýdi-de, elindäki susagy unaşly pitide eýläk-beýläk aýla-
dy. Soham ony okara guýup başlady.
Kerim şu pursat nazaryny Ajaba aýlap yetişdi. Ajap bolsa ýigidiň bahana arap
otaglaryna gelenine begenmekdenmi
ya-da bolmasa, Sadabyň onuň ücin el-ayak bolup hysyrdaýşyny ýańsa al-
yanlygy üçinmi, çalaja ýyigyrdy.
Alyň, noş bolsun!
Men şu gün size iş boldum öýdyån.
Beý diýmäň! goňşudan» diýipdirler. Bizlik işiňiz cyksa, çekinmäň-de, geliberiň!
Sag boluň!
Kerim içi unaşly okarany alyp, otagdan çykdy. Ol şonda Taňry özüne ýene
bir gezek nazaryny aýlady hasap etdi.
Sebäbi Kerim şol okarany yzyna gaýtaryp eltmelidi. Munuň üçin bolsa ol ýene
şu gapynyň bosagasyndan ätmelidi.
Kerim özüne guýlup berlen unaşy isdämenlik bilen içdi-de, ýerinden turdy. Ol okarany eltip, gowşurmakçy
boldy. Birdenem:
«Zol baryp
durmagym gelşiksiz bolaýmasyn>
diyen pikire geldi-de, seýtmekden saklandy. Şol günüň ertesem Kerim
okarany ejesiniň yzyndan iberen igdesinden doldurdy-da, ýedinji otagyń gapysyndan bardy.
Siz meniň igdäni halaýandygymy nireden bilip ýörsüňiz?! diýdi-de,
ýigidiň elindäki okara gözi düşen Sadap şadyýan dillendi. Men-ä igdäni,
Ajabam üzüni halaýar. Bilýäňizmi, ol näme diýýär? «lşläp başlasam, alýan aýlygymyň ýarysyny üzüme bererin» diýýär.
Sadap!..
- Näme, men nädogry zat aýdýanmy? Eýsem, seniň üzümi gowy göryāniň ýalanmy?
- Kakam pahyram üzümi gowy görýän eken - diýdi-de, Kerim üzümli
meselede söz açylanyna begendi. Sonuň üçinem tutuş mellegimiz üzüm bo-
lup dur. Ol ýylyn-yylyna şeýle bir hasyl beryär welin, bütin neberämiz bolubam
iyip gutaryp bilemzok.
Şonuň ùçin
ejem ony bedre-bedre ýygyp goñşy golamlara, tanyş-bilişlere-de paýlaýar.
Gowy-da şol. Şeýdip,
, iliň-günüń üçin taňryýalkasyny alanyň nämä degmeýår.
Onyňyz-a dogry.
- Ynha, jora jan, üzümli meseläňem çözüldi - diýdi-de, Sadap Kerim
otagdan çykyp giden dessine, jykyr-jykyr güldi.- Aýt, ýene haýsy meseläňi
çözmeli?
Ajap Kerimli gürrüň gulagyna ýaran ýaly gülümsiredi:
– Näme-de bolsa, bu sòzİ onuň ýanynda-ha aýtman saklandyň. Şoňa-da şükür.
Hawa, men muny aýtmakdan saklandym. Ýöne muňa derek ýigidin
Özi diýen ýaly edip, saña duýdurdy.
Seniň baý fantaziýaň bar, Sadap.
- Şu ukybyň bilen edebi döredijilige baş
goşman ýörendigiňe men haýran.

dowamy bar
25
99
yabb
20 May 2024
Dowamy hacan
ayymsha
20 May 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.