suray94
20.05.2024 08:21
Ine, onsoň Şährizadanyň atasy öz gyzyny patyşanyň ýanynaalyp barypdyr, patyşa-da ony görüp begenipdir hem-de: «Ýeri, sen maňa gerek zady getirdiňmi?» diýip sorapdyr. Wezirem: «Hawa» diýipdir. Şähriýar patyşa Şährizadany öz ýanyna almakçy bolanda, gyz aglan bolupdyr; şol wagt patyşa: «Saňa näme bolýar?» diýip, ondan sorapdyr. Şährizada bolsa: «Eý, patyşahym, meniň bir gyz jigim bar, men şonuň bilen hoşlaşmak isleýärin» diýipdir. Şondan soň patyşa Dünýäzadany çagyrtmak üçin onuň yzyndan adam iberipdir, ine, onsoň olam gelip, aýal doganyny garsa gujaklapdyr, soňundan bolsa gat-gat körpäniň gyrasynda oturypdyr. Şondan soň Şähriýar patyşa Şährizadany öz ygtyýaryna alypdyr, birwagtdan soň olar özara gürleşmäge başlapdyrlar; şol wagt Dünýäzada öz doganyna ýüzlenip: «Allanyň haky üçin, dogan jan, gijäniň uky tutmaýan sagatlaryny gyzyklyja geçirmek üçin, bize näme-de bolsa bir zat aýdyp bersene» diýipdir. «Eger merhemetli patyşamyz rugsat etse, baş üstune, janym bilen aýdyp bererin» diýip, Şährizada jogap beripdir. Ukusy tutman, bikarar bolup oturan patyşa bu sözleri eşidip, gyzykly gürrüň diňlejegine begenipdir hem rugsat beripdir.
TÄJIR HEM JYN HAKYNDA HEKAÝAT
BIRINJI GIJE
Şährizada aýdyp başlapdyr: «Şeýle bir gürrüň bar, bagtyýar patyşahym, men aýdaýyn, sizem diňläň: täjirler arasynda bir täjir bolupdyr, ol biçak baý bolanmyş hem-de her dürli ýerlerde biçak köp zatlary öwrüp-çöwrer ekeni. Bir gezek ol algysyny ýygnamak üçin haýsydyr bir ýurda ugranmyş weli, ýolda biçak gaty yssylapdyr-da, bir agajyň saýasynda oturyp, horjunynyň gözünden bir döwüm çörekhem hurma çykarypdyr-da, çörek bilen hurma iýmäge başlapdyr. Ol hurmany iýip, şänigini zyňyp goýberipdir welin, bir görse, onuň garşysynda uzyn boýly, eli-de ýalaňaç gylyçly bir jyn duranmyş. Ol jyn täjiriň alkymyna dykylyp barypdyr-da: «Tur ýeriňden, sen meniň oglumy nädip öldüren bolsaň, menem seni şeýdip öldürjek!» diýipdir. «O nähili men seniň ogluňy öldürenmişim?» diýip, täjir ondan sorapdyr. Jyn oňa: «Sen ýaňy hurmany iýip, şänigini zyňanyňda, ol meniň oglumyň petekesinden degdi weli, oglum şol pursatda öldi ýatyberdi» diýip jogap beripdir. Onda täjir: «Eý, Allahym, biz seniň öz ygtyýaryňdadyrys hem ahyrynda seniň dergähiňe dolanyp barmalydyrys! —diýip golun seripdir. —Beýik hem belent Allatagaladan başga güýçli hem gudratly bir kimse ýokdur! Eger men seniñ ogluňy öldürenem bolsam, atanlykda öldürendirin. Sen meni bagyşla!» Emma jyn: «Ýok, men seni hökman öldürmelidirin» diýip, täjiriň ezeneginden dartaga-da, ýere ýykypdyr-da, ony çapmak üçin gylyjyny belent göteripdir. Täjir aglap: «Eý, Allahym, saňa sygyndym!» diýip seslenipdir-de, yzyndan hem bir nama aýdypdyr: Pelek bir emrinde durmaz: kä zabun, kä parahatdyr, Durmuşam öwser şonuň dek: kä matam, kä-de rahatdyr. Eý pelekden dat kylan är, bol mukyt, aýtsam, gönimdir: «Diňe deňli-derejeli mertlere takdyr ganymdyr. Köp görensiň, bady hazan güwläp geler, solar güller, Şonda daragtlaryň diňe ýogynyn egýändir ýeller. Köp görensiň, umman üzre tolkun ýatar, meýit ýüzer, Düýpleri bolsa merjendir, guwwas bolup salsaň güzer. Eger pelek gazap eýläp, okun atsa meniň sary, Gözüm ýaşly, bagrym daşly —çeksem tükenmez azary, Onda bilgin: ýyldyz köpdür —sanasaň sogaby kändir, Ýöne şolar görünsin diýp, aý bilen gün tutulýandyr. Bag içinde daragt bitmiş —inçe, ýogyn, garry, ýaşy
9
48
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.