manolya
20.05.2024 07:27
Gepleýän gözler.

Täzelikde açyş etdim :
Bu syr meň aňyma ýetmeýän eken,
Gözler diňe görmek üçindir öýtdüm.
Görsem..
gara gözler gepleýän eken,

Bu açyşa bir gözeliň gözleri
Sebäp boldy
size dogrysyn diýsem,
İne ,şu goşguda aýdylýan sözler.
Şol açyşa şaýat dälmidir eýsem ?!

Ýûrekden söýýärdim :
"Söýýärin !" diýdim
Ol "Söýemok ! " diýip gaşlaryn kakdy,
Gözler bolsa :" Ýalan !
Ýalan sözleýär.
Söýýär söýýär !"diýip ,otlukly bakdy.

Diýdim:- men örtenýän seniň ugruňda.
Gyz diýdi : - Git ,oglan , örtenme haýyp
Düýş görýän bolaýma
ukudan oýan ...
Men lapykeç halda dolanjak boldum,
Gyz gözleri diýdi :
" Dur ,oglan, daýan!"

Daýandym :
-Ukudan oýandym -diýdim,
Düýşde-de ,huşda-da ýanýaryn- diýdim.
Ynanmasaň
ýene ýalbaryn -diýdim,
- Sen bolsaň,
hiç gorkusy ýok jöwzanyň
Ýa aýazyň
Sowuk ýanwaryň -diýdim.
Ol aýtdy :
-Ynandym aşyklygyňa,
Söýýäniň çyn,
A men özgäniň ýary...
Men lapykeç halda gözlere bakdym,
Ol gözler ýakyn dost
howandar ýaly,

Aýtdy maňa :
"Seni synajak bolýar
Ynanma
gynajak bolýar seni gyz.
Diýdim:
-Sen söýmeseň,
Söýmen ôzgäni,
Sen söýmeseň,
mundan öterin ýalňyz !...

Gyz bolsa: - ýagdaýňa seret-dä, oglan,
Ýalňyz ötmek hyýalmyz ýol biziň-ä.
Köçä çyk-da seret
owadan gyzlar
Sallnaşyp ýörler
düzüm-düzüm-ä,
Saýla sen şolaryň birisin -diýdi,
Gara gözler bolsa :
"Özgä seretseň
Gabanyp
saralyp- solaryn -diýdi,
Onsuzam sen diýip saralýan" -diýdi,
Köçä bakdym
gyzyň gözleri bolsa :
"Seretme
hemmeden gabanýan "diýdi.


Gyz sözlerme jogap berip söz bilen,
Meni gepde tutup
daş edip durdy .
Men bolsa sözleşdim diňe göz bilen,
Öz gözleri gyzy paş edip durdy.

Atamyrat Atabaýew
31
56
manolya
20 May 2024
@flowers_, 🍎😬😁
flowers_
20 May 2024
💜
manolya
20 May 2024
Tayler
20 May 2024
🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.