Üstünlige ýetmegiň esasy syry — gürlemek
Köpçüligiň öňündeçykyş etmek üstünlige barýan uzak ýoly ýakynlaşdyrýan öwrümleriň biridir. Şonuňüçin hem gürlemegi öwrenmek siziň üçin iň peýdaly başarnyklaryň biribolar.Bçykyş etmegi we gürlemegi kämil ýagdaýda öwrenmegiň bolsa birnäçe syrybar. Geliň olar bilen ýakyndan tanyş bolalyň.
Adamlar bilengürleşmegiň ýa-da köpçüligiň öňünde çykyş etmegiň birnäçe görnüşi bar. Emmaolaryň, esasan, iki görnüşi ýaýran:
Gülküli çykyş
Dostlaryň arasyndaýa-da toý-dabarada çykyş edenlerinde adamlaryň degişýändigine, adamlaryňkeýpini göterýändigine üns berensiňiz. Şeýle adamlaryň dostlary, tanyşlary hemköp bolýar. Olar gatnaşmaga hem ýakymly. Eger-de siziň häsiýetiňiz we pikirýöredişiňiz özüňizi şeýle alyp barmaga mümkinçilik berýän bolsa, gürlemekden weüns merkezinde bolmakdan çekinmäň;
Çylşyrymly çykyşlar
Çylşyrymlymeselelere, mysal üçin, ylmy mowzuklara bagyşlanan çykyşlary etmek, yzygiderlifaktlary beýan etmek size ýakyn bolsa bu ugurda hereket etmäge çalşyň.Işiňizdäki ýygnaklarda çykyş ediň we tejribäňizi köpeldiň. Degişlilikde, edaraňyzdaabraýyňyz artar we karýeraňyzyň ösmegine mümkinçilik berer;
Maslahatlar
Netijeli we täsirliçykyş etmek üçin birnäçe düzgünler bar.
1. Düşünýänzadyňyz barada çykyş ediň ýa-da gürrüň beriň. Gürrüňiň dowamynda size garşy çykan adam bolsa oňa jogapbermeli bolar. Ikirjeňlenseňiz adamlarda siziň ukybyňyza, aklyňyza, bolan şübhebolar.
2. Çykyşyňyzdaýa-da gürrüňiňizde yzygiderliligi we baglanyşygy hem-de logikany saklajakboluň. Ilki alma barada gürläp,soňam başga planetalar barada pikirleriňizi paýlaşsaňyz hiç kimiň sizi diňläsigelmez.
3. Köpräksynanyşyň we tejribäňizi artdyryň. Näçe köp çykyş etseňiz, şonça-da tejribäňiz artar. Oňat çykyş etmek hemtejribe bilen bile gelýär. 10-larça çykyşlardan soňra, siz batyrgaý gürläp,sesiňiziň kadaly çykýandygyna göz ýetirersiňiz. Kameradan hem gorkmarsyňyz.
4. Gürläňizdetolgunsaňyz, rahatlandyrýan zady tapyň. Her kimi bir zat rahatlandyrýar. Biri mysal üçin, gürläpbaşlamaka çala ýylgyrýar. Biri üç gezek uludan dem alýar. Käbir adamlarsöýýänini ýatlaýar. Siz hem özüňizi rahatlandyrýan zady tapmaga synanşyň.
5. Hiç bir adam hem sizeşowsuz çykyş etmegi arzuw edenok. Sizi diňleýän adamlaryň aglabasy ýa siziň şowlyçykyş etmegiňizi ýa-da size bitarap garaýar. Şonuň üçin öňüňizdäki adamlaraduşmanyňyz ýa-da howp hökmünde garamaň. Tersine, olara dostlaryňyz hökmündeserediň. Şonda sizä olara, olaram size ynanar.