alma___
20.05.2024 00:56
Lebiz 2

. Ol entek gatam
açyimadyk sary gülli öýmäni eline aldy-da, edil yeňňeleriniň edişi ýaly edip,ony gyzyň başyna orady. Öýmäniň bir
ujunam gyzyň ap-ak bolup görünýän
alkymyndan aýlady. Kerim gyzy şu boluşda öz gapylaryndan girip-cykyp
ýören ýagdaýynda göz öňüne getirdi.
Özem bu görnüşe ýeke özi däl-de, ejesi
bilen birlikde syn edip, begenip, guwanyp gördi. «Men batylam-a däl. Gözüm bolup, aňym işläbem men nädip, bu gyzy şu çaka çenli görmän bildimkäm?!
-Sadap!
Gyzyň unaşyň çorbasyny taýyarlamak üçin başagaý bolup ýòren jorasynyň adyny tutup, oňa ýüzlenmegj
süyji arzuwlaryň girdabyna gark bolup
barýan ýigidi ondan sogrulyp aýrylan ýaly etdi. «Bolşumy töwereke
- synlaýan bar bolaýmasyn» diýen pikir
bu wagt onuň ýadyna-da düşenokdy.
- Ol gyzyň jorasyna naharyň taýýarlanylysy bilen baglanysykly näme diýip,
näme goýandygynam eşidenokdy. Bu
wagt Kerimiň dideleri gyzyň jorasyna
garaýan gözlerinde doňup galypdy.
«Taňrym, şeýle-de bir agy ak, garasy gara owadan göz boljak ekeni» diydi-
de, Kerim içini gepletdi. Soňam: «Şu
gözleri hiç kimden gypynç etmän, islan
wagtyň görüp hem-de guwanyp bol-
sady» diýip, öz ýanyndan arzuw etdi.
-Goňşy, Ajabyň kesen aşlaryndan
gözüňizi aýyrman dursuňyz welin, sIz
unaşy juda halaýan bolmaly.
Sadabyň alçaklyk bilen aýdan bu sözi onat düýs göryän ýigidi ukusyndan oýaran ýaly etdi. Yigit gyzyň jemalyna özüniň maýyl bolup durşy kimdir
- biriniň gözüne ilerem öýtmändi. Sonuń
üçinem ol birbada aljyrajak ýaly etdi. Üzlem-saplam gürledi:
Menmi?. Unaşymy?..
Ýigit syr bildirmezlik üçin, derrew özüni ele aldy-da, söz gatan gyzyň jogabyny berdi:
-Ony gowy görmeýân barmy?! Elbetde, menem...
- -Bizem ony gowy görýäs. Şonuň üçinem biz ony häli-şindi bişirýäs. Aş
kesmeli bolanda welin, hemişe Ajapdan haýys edýäris. Sebäbi hernäçe yhlas etsegem, biziň kesýän aşymyz Ajabyň kesýän aşyça bolanok. Corbasynam özi bişiräýse-hä, onda...
-Sadap!..
Sadap diýseň alçakdy. Ol gürlemånem gowy göryärdi. Şonuň üçinem kå-te öteräk geçiberdigi, Ajap: «Bes edäýsenel» diýen şekilde onuň synyndan
çekmeli bolýardy. Bu gezegem Ajabyn:
-Sadapl» diýip dillenmegi onuň synyndan çekdigidi, Sadap welin, näme
ùcindir, bu wagt jorasynyň aýdanyny eşitmeyản ýalydy. Ol jorasyny taryp-
lamagyny dowam edýärdi.
-Diňlemäň ony. Onuň häsiýeti şeýle. Hemme kişi òzünden gowy ýaly.
Ajap bu sözleri ýigide garap aytdy.
Kerim gyzyň bu sözüne ýylgyrdy.
-A-ýu, oglan, bäriňe-de bir seret!
Çaýyň bireýýäm gaýnan ýaly-la seň.
Sadabyň şeýle diýip, soňam jykyrdap gülmegi Kerimi ýene aljyraňňylyga
saldy. Ol ünsüni Ajapdan sowdy-da,häliden bäri lykyrdap, gaýnap duran
çäýnegiň sapyna ýapyşdy.
- Waý, beýtmäweriň! Eliňizi ýakarsyňyz-a!
Elim-ä, dogrudanam, ýakaýdym öýdýän.
-Şu ýagy alyň-da, eliňiziň aýasyna çalyň. Ynha-da, size tutaç.
Yigit Sadabyň özüne uzadan içi ýagly çüýşesinden aldy-da, eliniň
aýasyna çaldy. Beýleki tutaçly eli bilenem çäýnegi oduň üstünden aldy-da,
sesini-üýnüni cykarman aşhanadan çykyp gitdi.
Nädäýdiň-ä o ýigidi, başyny-gözüni aýladyň-la oň!- diýdi-de, ikiçäk
galanlarynda, Ajap Sadaba igenmekçi
boldy. Nätanyş adamyň ýanynda,heý-de, òzüňi şeýle alyp barmak bormy?
O nähili nätanyşmyşyn? Ol-a biziň goňşymyz.
– Bolanda näme goňşymyz?!
Goňşymyz diýip...
Sadap jorasynyň ýüzüne jykyrdap güldi.
-«Ýigidiň başyny-gözüni aýladyň»diýdiňmi?! Onuň başyny-gözüni aýlan
men däl-de, özüň bolaýma.
-0 nähili men bolýamyşym?!
Onuň bilen gürleşen-ä sen. Dymyp duranam men.
-Yigidiň başyny-gözüni gürlemānem aýlap bolýan ekeni. Men şu gün
muňa göz ýetirdim.

dowamy bar
26
113
ayymsha
20 May 2024
❤❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.