Bilesigeliji bolmagyň ýollary
Bilesigelijik ähli adama mahsus, emma her bir adamyň öz garaýşy, pikirleri we gyzyklanmalary bolýar. We şoňa göräde adamlaryň bilesigelijilik häsiýetleri tapawutlanýar.
Bilsigelijilikli bolmagyň ýollary:
Özüňiziň gyzyklanmalaryňyzyň nämeden ybaratdygyny yzarlaň we her okan zadyňyza bilesigelijilikli çemeleşiň. Haýsy meselede gyzyklanma dörese şony içgin öwreniň. Size gyzykly bolan maglymatlary okan wagtyňyz gerekli newro-signallary alan beýin gönükdirilen maglumatlary gowy özleşdirýär we uly ähmiýet bilen garaýar diýip alymlar belleýärler.
Özgeleriň ideýalary bilen gyzyklanyň. Olary diňlemegi başaryň ýagny beýinlerimizi özge pikirler bilen lowurdatmaly soňra bolsa öz pikiriňizi bir ýere jemläp netije çykarmaly. Şeýle usulda beýinler gowy kämilleşmegi başarýar.
Kitaphanalara we kitap dükanlaryna aýlanyň. Kitap adamyň iň gowy dostydygy ählimize mälimdir. Kitap okamak bilen adam dünýagaraýşyny, bilimlerini, gyzyklanmalaryny we bilesigelijini artdyrýar. Mundan başga-da internet ulgamynda tötänleýin maglumat agtarmak barada özüňize täze prinsipler dörediň.
Maglumatlar toplaň ýagny birnäçe şahyrlaryň, alyp baryjylaryň, alymlaryň, telekeçileriň gürrüňdeşligine tomaşa ediň. Olar özleriniň durmuşy, başdan geçirmeleri, açyşlary bilen bagly birnäçe peýdaly maglumatlary aýdaýarlar. Bu hem siziň bilesigelijiligiňi artdyryp, soraglaryňyza jogap tapmagyňyza hem ýardam edip biler. Biz beýnimizi ýa dogry maglumatlar bilen dolduraryp dogry peýdaly ýa-da ol gereksiz maglumatlardan dolar.