alma___
19.05.2024 18:57
Hekaýa 1

Dürsoltan ejäniň: «Her bir boljak işiň öz nesibeli güni, sagady bardyr» diýip, köp gaýtalaýan sözüniň nesibeli güni, sagady geldi-de, hasyl boldy duruberdi. Ýogsa şeýle bolar diýen
pikir Kerimiň otursa-tursa, oýuna-küýüne-de gelenokdy. Kerim okuwdan soň känbir çaýyň-suwuň aladasyny
edip ýörenem däldi. Okuwdan gelerdi-de, baryndan garbak-gurbak ederdi.
Az-kem dem-dynjyny alybam, döwlet
kitaphanasyna tarap ugrardy. Kitaphananyň okalga zaly indi köp ýyl bäri
onuň ikinji öýüne öwrülipdi. Ol ara gün salman, șu ýere gelerdi-de, sapaklaryna taýýarlyk görerdi. Kerim okuwynyň daşyndan ceper eserlerem şu ýerde
oturyp okardy. Umumy ýaşaýys jaýy köpüň üýşen ýeri bolansoň, Kerim edil şu ýerdäkisi ýaly okabam, pikirini bir ýere jemläbem bilenokdy. Bu ýer bolsa imisalalykdy. Her kim öz aladasy bilen
gümrady. Şol gün welin, Kerim otag- daşlarynyň taýýarlan teýli naharyndan
soň, çaý içmekçi boldy. Otagdaşy birinji ýylyň talyby Çaram şol wagt
içde-daşda görnenokdy. Yogsa çaýly meseläni şoňa tabşyrsa-da boljakdy.
Kerim çäýnegini eline aldy-da, aşhana
tarap ugrady. Ony suwdan doldurybam otda goýdy. Ol çaýyň gaýnaryna şu
ýerde durup, garaşmakçy boldy. Kerim
- aşhanada kimiň näme iş bilen mesguldygyna birbada ünsem bermedi. Onýança ýigidiň otda goýan çäýnegi öwrenje sazandanyň gyjagyndan çykýan
owaza meňzeş çalaja şyglap, ses edip başlady. Kerim çáýnegiň «Şyg-şygyna»diň salyp durşuna, Özem duýmazdan,
nazaryny töweregine aýlady. Bu wagt gyzlaryň hersi bir iş bilen mesguldy.
Biri käşir arassalaýardy. Beýlekisi arassalan ýeralmasyny bölekläp durdy.
Ýigidiň nazary gabat garşysyndaky
stoluň başynda aş kesip duran gyzda
eglendi. Eger gyz başga bir iş bilen gümra bolup duranda, Kerimiň nazary
onda eglenmese-de eglenmezdi. Ýöne gyzyň ýaýylyp, ikiýanlaýyn gat-gat epilen hamyryň üstünde pyçagyny ezberlik bilen işledişi, soňam şol kesilen
aşlaryň onuň barmaklarynyň hereketi bilen tar-tar bolup seçelenişi ýigidiň
ýadyna käbesini saldy. Dürsoltan ejede aş kesmäge juda ökdedi. Şonuň üçinem gelinler, käte bolsa öz deň-duşlaram aşyň hamyryny ýugurýardylar-da, kesmeli bolanda, Dürsoltan
ejäniň ýanyna gelýärdiler. Onuň bolsa
«ýogy» ýokdy. Gaýta, ile-güne nepiniň
degýändigine begenip, öz ýanyndan monça bolýardy.
Gelneje, şu gün hemmämiz üýşüp, bir aş içeliň-le! diýip, yüwùrjileriniň, özüne ýüz tutýan gezeklerem
seýrek bolmazdy.
Şeýle diýildigi, Dürsoltan eje derrew işiň aladasy bilen bolardy. Ol hamyry ýugrardy, ýaýardy, keserdi. Ony ýaýradyp goýubam, daşardaky ojakda
åpet gazany atarardy. Dürsoltan ejäniň
jazlap, malgam ýaly edip bişiryän unaşyny iýip-doýup bolmazdy.
Kerimem agalary ýaly aşçyldy. Inçeden kesilip, indem gapagyň ýüzüne
ýaýradylan aşdan gözüni aýryp bilmän durşam şonuň üçindi. Kerimiň pikiriçe,edyän işine ýüregi bilen ýapysýan gyz,
diňe şeýle gyz aşy ejesiniň kesişi ýaly kesip bilmelidi. Kerimde şu yhlasly gyzyň özünem synlamak islegi döredi.Oňa bakanam şoldy welin, Kerimiň ýüregi gyza degişlilikde ilkinji gezek jigläp giden ýaly boldy. Ol munuň näme üçin
şeýle bolandygyny aňşyrybam ýetişmedi. Otda oturdylan çäýnegi bolsa
eýesine: «Beýdip, gyza agzyňy öweldip durma! Men gaýnadym» diýýän ýaly,bu wagt özüniň näme üçin şu ýere gelendiginem unudan ýalydy. Çāýnegiň y
lykyrdap edýän sesi onuň gulagynada ilenokdy
. Bu wagt ýigidiň bar ünsi
tahýasynyň eteginden alnyp, başyna oralan örüm saçlaryndady. Gyzyň saçyny başyna şeýdip oramagy onuň öňdenem görkana ýüzüne hasam gelşik berýän ýalydy. Kerimiň ömür eden zady
dälem bolsa, ol bu gezek hyýalyndaaçyimadyk sary gülli öýmäni eline aldy-da, edil yeňňeleriniň edişi ýaly edip,ony gyzyň başyna orady. Öýmäniň bir
ujunam gyzyň ap-ak bolup görünýän
alkymyndan aýlady. Kerim gyzy şu boluşda öz gapylaryndan girip-cykyp
ýören ýagdaýynda göz öňüne getirdi.

dowamy bar
30
116
ATOMIC
19 May 2024
🎈👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.