Aýaly bolsa: «Sen, belki, maňa gülýänsiň!» diýip heňkirip başlapdyr-da,tä ol boýun bolup, gaýgy-gama batýança azar berip bizar edipdir, şondan soň ol çagalaryny ýanyna çagyrypdyr hem-de ölmezinden öň wesýetnama ýazdyryp, şol syry aýalyna aýan edip, onsoň ölmek üçin kazyny hem şaýatlary çagyrtmaga adam iberipdir. Onuň ölüminerazy bolmagynyň sebäbi ol aýalyny çyn aşyklyk bilen söýýär ekeni, üstesine-de ol aýal onuň öz daýysynyň gyzydy hem çagalarynyň enesidi. Söwdagäriň özi bolsa indi ýüz ýigrimi ýaşyny dolduran adamdy. Ondan soň ol söwdagär özleriniň kowum-garyndaşlarynyň hem-de şol köçede ýaşaýan adamlaryň barysyny çagyrdyp, şu hekaýaty olara gürrüň beripdir, üstesine-de öz syryny aýan eden wagtynda özüniň öljekdigini aýdypdyr. Şonda ýygnanan jemagatyň hemmesi onuň aýalyna ýüz tutup: «Allanyň haky üçin, sen beýtme, öz äriň hem seniň çagalaryň atasynyň ölmezligi üçin, bu päliňden gaýt» diýipdirler. Emma aýaly: «Tä aýdýança, ondan el çekmerin! Ölse, goý öläýsin!» diýip heňkiripdir. Onsoň hiç kim sesini çykarmandyr. Onsoň ol söwdagär täret kylyp gelmek, soňundan-da syryny açyp ölmek üçin mal ýatagyna bakan meýdana çykýar. Söwdagäriň bir horazydyr elli sany towugy bar ekeni, ondan başga-da ýene bir iti hem bar ekeni. Söwdagär öz itiniň horaza käýýäp gygyrýanyny eşidipdir. It horaza: «Sen näme guduraýarsyň, biziň eýämiz öljek bolupýör ahyryn!» diýipdir. Onda horaz: «O näme üçin?» diýip sorapdyr. It bütin ahwalaty başdan-aýak gürrüň beripdir, horaz bolsa gygyryp aýdypdyr: «Eger walla, biziň baýar agamyzyň akyly ýok! Ynha, meniň elli sany heleýim bar, eýdip biriniň göwnüni tapýan, beýdip birine ýaranýan, garaz, ugruny tapýaryn. Biziň hojaýynymyzyň bolsa diňe ýekeje aýaly bar weli, ol şonuňam ugruny tapyp bilenok. Bir desse tut çybygyny alaga-da, heleýini çolaja tamyň içine eltip, tä ölinçä ýa-da dagyduwara şonuň ýaly zady soramaryn diýip puşman edinçä saýgylasa bolmaýarmy!» Söwdagär bolsa horazyň ite ýüzlenip aýdanlaryny eşidip duran ekeni —diýip, wezir öz gyzy Şährizada gürrüň bermek bilen, oňa: —Eger gulak asmasaň, şol söwdagäriň öz aýalyna görkezen oýnuny menem saňa görkezerin» diýipdir. «Ol näme oýun görkezipdir?» diýip, Şährizada öz atasyndan sorapdyr.Onsoň wezir gürrüňini dowam edipdir: «Ol bir desse tut çybygyny kesip alypdyrda, çola tamyň içinde ýygşyryp goýup, soňundan aýalyna: «Bärik gel, şu tamyň içinde men saňa barysyny aýdyp bereýin-de, iliň gözüne görünmänem öleýin» diýip, ony şol çolaja tama eltipdir. Aýaly tama giren badyna, söwdagärem işigi içinden ildiräge-de, ony şeýle bir saýgylap başlapdyr weli, aýaly özünden gidere gelip: «Waý, aýtma-leý!» diýip gygyrypdyr. Ondan soň aýaly onuň elinden-aýagyndan ogşap, toba-puşman edipdir hem äri bilen bile daş çykypdyr, onuň garyndaşlary-da, ýygnanan jemagat-da begenipdirler, şondan soň bolsä olar tä ölinçäler uruşman-sögüşmän, örän oňat durmuşda ýaşapdyrlar». Atasynyň bu sözlerini eşideninden soň hem, weziriň gyzy şol bir diýenini gaýtalap: «Meniň isleýän zadym hökman bolaýmalydyr!» diýipdir. Onsoň wezirem gyzynyň şaýyny tutupdyr-da, ony Şähriýar patyşanyň ýanyna äkidipdir. Şährizada bolsa özünden kiçi aýal doganyna gep öwredip, oňa şeýle diýipdir: «Men patyşanyň ýanyna baranymdan soň, seniň yzyňdan adam iberip çagyrdaryn, senem gelersiň-de, patyşanyň menlik işini bitirip, göwün solpusyndan çykanyny aňlanyňdan soň, maňa: «Jan doganjygym, biziň bilen bir meýdan gürrüň ediş-de,ukusyz gijäni gysgaldar ýaly, bize gyzyklyja bir zat aýdyp bersene» diýen bolgun, onsoň menem size bir zat aýdyp bererin welin, şonuň özi-de Allanyň kömegi bilen biziň başymyzy azat eder, enşalla