Ginnesiñ rekordy: 99 ýaşly stomatolog adamlara ýylgyryş paýlamagy dowam edýär.
Ýaponiýadan Esuro Watanabe Ginnesiñ rekordlar kitaby tarapyndan dünýäde erkekleriñ arasynda iñ garry stomatolog hökmünde ykrar edildi. 2024-nji ýylyñ 31-nji oktýabrynda ol 100 ýaşyny doldurar.
Watanabe Ýamanasi prefekturasyndaky Osino obasynda dünýä indi. 15 ýaşynda stomatolog okuwçysy bolmak we gijeki mekdepde okamak üçin Tokio göçdi.
"Haçan-da men ýanyma gelýän adamlary şadyýan görenimde, men möhüm bir zat edýändigime düşünýärin. Men güýjüm barka, mundan beýläk hem jemgyýete öz goşandymy goşmak isleýärin" - diýip, lukman Watanabe belleýär.
Watanabe ilkinji jahan urşundan soñ diş tehnigi bolýar, 1947-nji ýylda bolsa kolleje okuwa girip, 4 ýyldan soñ stomatolog diplomyny alýar. Ol birnäçe wagtlap beýleki diş lukmanlary bilen işleýär, soñ Osino gaýdyp gelip, hususy tejribesine başlaýar. Onuñ klinikasy obada ýeke-täk klinikady.
Geçmişde Watanabe diş meseleleri bolan adamlar üçin protezleri taýýarlapdy. Onuñ ýakynlary Watanabeniñ gijä çenli nähili işländigini ýatlaýarlar. Häzir Watanabeniñ klinikasy hepde-de 5 gün işleýär, ýöne 92 ýaşyndan bäri ol adamlary diñe irden kabul edýär. Watanabeniñ bäş gyzy, sekiz agtygy we dört çowlugy bar. Ol boş wagtlary mellekde işlemäni gowy göryär hem çernika, noýba we pomidor ösdürip ýetişdirýär.
Çeşme: tmcars.info (şu gün 15:58)