Tayler
16.05.2024 22:37
Mert adam amala aşyrmasy kyn bolany sebäpli saňa ýagşylyk etmese-de, amala
aşyrmasy aňsat ýamanlyk hem etmez.
*
Utanjy ýok söýgüden söýgä garaşmaly däl. Utançsyz söýgi uzak söýmeýärem,
söýülmeýärem.
*
Köp okap, az bilýän adam.
*
Düýnüm geçdi, ertirimiň boljagy belli däl, diňe şu häzirki pursadym bar.
*
Kitap ýazýan ýazyjy kän, kitap okaýan, hem ýazan kitaby okälýan ýazyjy az.
*
Ýeňeni üçin ýeňlen ýeňiş.
*
Islendik eseri tankydy göz bilen okasaňan, gedemlik, göwnüýetmezçilik bilen
okamaly däl. Gedemlik, başgalara göwnüýetmezçilik etmeklik, umumanam adamyny dürs
ýoldan sowýar.
*
Talanty ene dogurmaýar, ony gara zähmet bilen azap döredýär.
*
Älemde geçýän, ýöreýän hasap edilýän wagt diýen hakykat ýok. Ýyl, aý, gün, hepde,
sagat, minut ynsanyň öz ýaşaýşyny düzgünleşdirmek, ýeňilleşdirmek üçin döreden
şertliligi.
*
Senden beýikligi onuň beýikdigini aňlatmaýar.
*
Ediljek bolunsa-da edilmedik ýamanlyk edilen ýagşylykdyr.




A.Tagan
27
64
ATOMIC
16 May 2024
Taganyň kitabyny okasym gelýä wln, gowy redaksiýa edilmandir kitaphanadaky
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.